Federeriň 100-nji çempionlygy

Şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer “Dubaý Açykda” ýeňiş gazandy.Ol finalda 5-nji hatardaky grek tennisçisi Stefan Sisipasdan üstün çykdy. 1 sagat 9 minutlap dowam eden oýnuň 2 seti hem 6:4 hasabynda tamamlandy. Şunlukda, Rojer Federer 21 ýyllyk karýerasynda ýekelikdäki 100-nji çempionlygyny gazandy.

Ilkinji ýeňşini 2001-nji ýylyň 4-nji fewralynda 19 ýaşyndaka Milanda gazanmagy başaran Federer 18 ýyldan soň, ýagny 6 müň 600 günden soňra 100-nji ýeňşini baýram etdi. 1998-nji ýylda professional derejede tennise başlan 37 ýaşly Federer erkekleriň arasynda Jimmi Konnersden (109) soň iň köp ýaryşda ýeňiş gazanan 2-nji tennisçidir.

Ol umumylykda-da 5-nji hatarda barýar.Tennisiň taryhynda iň köp ýeňiş gazananlar zenan tennisçiler bolup, amerikaly Martina Nawratilowa 167 kubok bilen 1-nji hatarda barýar.Başga bir amerikaly Kris Ewertiň 157 çempionlygy bar.

Germaniýaly Şteffi Graf bolsa, Jimm Konnersden soň, 107 çempionlyk bilen 4-nji basgançagy eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Federeriň 100-nji çempionlygy
Topragyň hakyky eýesi Nadal
“WIMBLEDON”
Sportuň taryhynda bu hepde
Swýontek ahyrsoňy saklandy
Sportuň taryhynda şu gün 18-nji oktýabr