Ýene-de Jokowiç ýeňiş gazandy

Tennis boýunça möwsümiň 3-nji “Uly tuwulga” ýaryşy bolan “Wimbledon” bäsleşigi tamamlandy.Iki hepdeläp dowam eden dünýäniň iň abraýly hem-de gadymy tennis ýaryşynda erkekleriň arasynda soňky çempion Nowak Jokowiç ýeňşini gaýtalady.

Zenanlaryň arasynda bolsa ýaryşyň täze çempiony — rumyniýaly Simona Halep ýeňiş gazandy. 38 million funt sterling baýrak gaznasy bolan ýaryşyň ýeňijisi hökmünde iki türgene-de 2 million 350 müň sterling pul sylagy berildi.Erkekleriň arasyndaky final taryhy duşuşyklaryň biri bolup, Nowak Jokowiç bilen ady eýýämden rowaýata öwrülen, “Wimbledonda” hem-de “Uly tuwulga” ýaryşlarynda iň köp çempionlyk gazanan şweýsariýaly Rojer Federer duşuşdy.

Duşuşygyň 1-nji setinde taý-brek ýeňijini kesgitläp, 25-nji gezek “Uly tuwulga” finalynda çykyş edýän Jokowiç 7:6 hasabynda ýeňdi. 2-nji setde tora golaý ýerdäki urgularyndan 100 göterim utuk gazanan Federer 6:1 üstün çykdy. 3-nji setde-de Federer 10-njy oýna çenli şowly çykyşyny dowam etdirse-de, erjelligi elden bermedik Jokowiç taý-brekden soň, 7:4 hasabynda utdy. 4-nji setde-de 5-nji oýunda garşydaşynyň ilkinji urgusyny almagy başaran Federer netijede, 6:4 ýeňiş gazanyp, umumy hasaby deňledi (2:2).

Final seti diýseň çekeleşikli bolup, deňeçerräk ýagdaýda dowam etdi. 6-njy oýundan soň, Jokowiç 4:2 öňe saýlansa-da, Federer hasaby deňlemegi başardy. 15-nji oýunda Federer 8:7 öňe geçdi. Ýöne öz oýnundan 2 ýeňiş utugyndan peýdalanyp bilmedi.

Netijede, Jokowiç hasaby deňledi.Hasap 12:12 bolanyndan soň, “Wimbledonyň” täze düzgünine laýyklykda taý-brek ýeňijini kesgitledi.Onda-da 7:3 öňe saýlanan Jokowiç 5-nji setde 13:12 ýeňşi gazanyp, umumy hasapda 3:2 üstünlige eýe boldy.

Bu onuň “Wimbledondaky” 5-nji çempionlygy bolup, 32 ýaşly ýyldyz tennisçi mundan öň 2011-nji, 2014-nji, 2015-nji, 2018-nji ýyllarda ýaşyl meýdançada ýeňiş gazanypdy. 2014-nji we 2015-nji ýyllaryň finalynda-da Jokowiç Federeri ýeňipdi.

Taryhy final duşuşygyDuşuşyk 4 sagat 57 minutda tamamlanyp, bu görkeziji “Wimbledonyň” ýekeleýin ýaryşynyň final oýunlarynyň arasynda rekorda deň boldy.Ondan öňki rekord 2008-nji ýyldaky finalda Federer bilen Nadalyň arasyndaky 4 sagat 48 minutlyk oýunda hasaba alnypdy.Jokowiç Federer bilen oýnan 5-nji “Uly tuwulga” finalynda 4-nji gezek ýeňiş gazandy.

Federer garşydaşyny “Uly tuwulgalaryň” finalynda soňky sapar 2007-nji ýylda Amerika Açykda ýeňipdi.Bu olaryň arasyndaky umumylykda 48-nji duşuşyk bolup, serb tennisçisi garşydaşyny 26-njy sapar ýeňlişe sezewar etdi. “Uly tuwulgalarda” 16-njy çempionlygyny gazanan Jokowiç karýerasyndaky 75-nji ATP kubogyny asmana göterdi.“Uly tuwulgalardaky” 31-nji finalynda 11-nji gezek utulan Federer häzirki wagtda 20 “Uly tuwulga” kubogy bilen bu ugurda 1-nji hatarda barýar. 2-nji basgançakdaky Rafael Nadalyň 18, Jokowiçiň bolsa 16 “Uly tuwulga” kubogy bar. 2003-2007-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna 5, 2009-njy, 2012-nji we 2017-nji ýyllarda “Wimbledonda” çempionlyk gazanan Federer 9-njy kubogyny alyp, Martina Nawratilowanyň rekordyna şärik bolup bilmedi.

Ol ýeňiş gazanan ýagdaýynda “Wimbledonda” çempion bolan iň ýaşuly erkek tennisçi diýen rekordy öz adyna geçirmelidi.

Ilkinji rumyn tennisçisiZenanlaryň arasyndaky finalda rumyniýaly Simona Halep bilen amerikaly Serena Williams duşuşdy.Bu ýaryşdaky ilkinji finalyny oýnan Halep güýçli garşydaşyny, “Wimbledonda” 11-nji gezek finala çykan Serena Williamsy 6:2 hasaplar bilen 2 setde ýeňlişe sezewar etdi. 27 ýaşly Halep 1-nji setde 12 minudyň dowamyndan garşydaşyndan 4:0 öňe saýlandy.

Netijede, 1-nji set 26 minutlap dowam etdi we 6:2 hasabynda rumyniýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy. 2-nji setiň ilkinji minutlary çekeleşikli geçdi. 5-nji oýunda garşydaşynyň ilkinji urgusyny almagy başaran Halep hasaby 3:2-ä ýetirdi.

Soňlugy bilenem ýalňyşsyz oýnan Halep bu setde-de 6:2 hasabynda ýeňiş gazandy. 55 minutlap dowam eden oýunda garşydaşyny 2:0 hasabynda ýeňen Halep “Wimbledondaky” ilkinji çempionlygyny baýram etdi.

Bu onuň “Uly tuwulgalardaky” 2-nji çempionlygy bolup, ol geçen ýyl “Fransiýa Açykda” ýeňiş gazanypdy.Halep “Wimbledonda” çempionlyk gazanan ilkinji rumyniýaly zenan tennisçi boldy.“Awstraliýa Açykda” 7, “Fransiýa Açykda” 3, “Wimbledonda” 7, “Amerika Açykda-da” 6 gezek çempion bolan 37 ýaşyndaky Serena Williams 24-nji “Uly tuwulgasyny” gazanyp, bu ugurda Margaret Kortuň rekordyna şärik bolup bilmedi.

Amerikaly tennisçi geçen ýyl “Amerika Açykda” hem-de “Wimbledonda” 2-nji ýeri eýeläp, finala çykan soňky 3 “Uly tuwulgasynda” ýeňlişe sezewar boldy.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyzlaryň finaly:Jokowiç — Nadal
Halepiň 1-nji, Williamsyň 11-nji finaly
Rojer Federer karýerasyny tamamlaýar
Alkaras Jokowiçiň rekordlaryna böwet boldy
Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
Nowak Jokowiç Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýandygyny tassyklady