Sportuň taryhynda şu gün 7-nji iýul

Taryha ser salanymyzda sport äleminde 7-nji iýulda dürli wakalara duş gelýäris. 1912-nji ýylda amerikaly türgen Jim Torpe Stokgolm Olimpiadasynda pentatlon boýunça geçirilen ýaryşlaryň 4-sinde ýeňiji bolup, altyn medala mynasyp bolýar. Ýöne bu medal 1 ýyldan soň yzyna alynýar.

Munuň hem esasy sebäbi onuň ABŞ-da kämahallar professional derejede beýsbol oýnaýandygy ýüze çykýar. Şol wagtky düzgünlere laýyklykda, Olimpiýa oýunlarynda professional türgenlere bäsleşmek gadagandy.Onuň medaly 1982-nji ýylda professional türgenlere ygtyýar berleninden soň, yzyna gaýtarylyp berilýär. Şeýle-de 1974-nji ýylda Günbatar Germaniýada geçirilen 10-njy Dünýä Kubogynyň finalynda nemesler gollandlary 2-1 hasabynda ýeňip, 2-nji gezek kubogy asmana göterýärler. 2014-nji ýylda futbolyň ägirtlerinden 1950-60-njy ýyllaryň super ýyldyzy, asly argentinaly, ýöne soň Ispaniýanyň raýaty bolan Alfredo Di Stefano aradan çykýar. 1926-njy ýylyň 4-nji iýulynda dünýä inen Real Madridiň ýyldyzy Di Stefano 88 ýaşyny dolduranyndan 3 günden soň, insult sebäpli pany dünýä bilen hoşlaşýar.

2019-njy ýylda Fransiýada geçirilen zenanlaryň arasyndaky Dünýä Kubogy ýaryşynyň finalynda ABŞ-nyň ýygyndysy Niderlandlary 2-0 ýeňip, 4-nji gezek çempion bolýar.

7-nji iýul

1912 Amerikaly türgen Jim Torpe pentatlon boýunça 5 ugruň 4-sinde ýeňiş gazanyp, Stokgolm Olimpiadasynda altyn medal gazanýar. Medal 1913-nji ýylda professional derejede beýsbol oýnandygy üçin yzyna alynýar. Professionallara-da rugsat berlip başlanyndan soň, 1982-nji ýylda medal yzyna berilýär.

1974 Futbol boýunça Günbatar Germaniýada geçirilen 10-njy Dünýä Kubogynyň finalynda Günbatar Germaniýanyň ýygyndysy Niderlandlary 2-1 hasabynda ýeňýär. Niderlandlar 2-nji minutda Ýohan Niskensiň penalti goly bilen öňe saýlanýar. 25-nji Pol Braýtner penalti goly bilen hasaby deňleýär. 43-nji minutda Gerd Müller nemesleri öňe çykýar we ýeňiş goly bolýar.

1978 Wimbledon tennis ýaryşynda zenanlaryň arasyndaky finalda Martina Nawratilowa Kris Ewerti 2:1 hasabynda ýeňiş ilkinji Uly tuwulga kubogyny gazanýar.

2013 Wimbledon tennis ýaryşynda erkekleriň arasyndaky finalda Endi Mýurreý serbiýaly Nowak Jokowiçi ýeňip, 1936-njy ýyldan soň, bu bäsleşikde çempionlyk gazanan ilkinji britaniýaly tennisçi bolýar.

2014 Ady rowaýata öwrülen asly argentin bolan ispaniýaly meşhur futbolçy, Real Madridiň esasy ýyldyzlaryndan Alfredo Di Stefano 88 ýaşynda aradan çykýar.

2019 Fransiýada geçirilen futbol boýunça zenanlaryň arasyndaky Dünýä Kubogynyň finalynda ABŞ-nyň ýygyndysy Niderlandlary 2-0 hasabynda ýeňip, 4-nji gezek çempion bolýar.

2019 Braziliýada geçirilen Kopa Amerika futbol ýaryşynyň finalynda Braziliýanyň ýygyndysy Perunyň milli toparyny 3-1 ýeňip, 9-njy gezek kubogy asmana göterýär.

Ýene degişli makalalar

Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Dmitriý Homuha Russiýanyň Kaluga futbol toparynyň baş tälimçisi boldy
Jokowiç Uly tuwulga ýaryşlarynda ýeňişleriniň sany boýunça rekord goýdy
Iýul aýynda Aşgabatda halkara ulag forumy geçiriler
Täze möwsüme -3 utuk bilen başlar
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy