Ferdi Taýfur aradan çykdy

Ferdi Taýfur aradan çykdy

Habary eşiden muşdaklary meşhur sungat işgärini soňky ýolagçylygyna ugratmak üçin hassahananyň öňünde ýygnandylar.

79 ýaşynda aradan çykan Ferdi Taýfur, Stambula ugradylar we ertir geçiriljek çäreden soň jaýlanar.

Sungat işgäri soňky ýyllarda saglyk bilen bagly kynçylyklary başyndan geçirýärdi.

Ozal Antalýada beýnisiniň damaryna stent goýlan Ferdi Taýfura, 2020-nji ýylda oglunyň böwregi transplantasiýa edilipdi.

Aýdym-sazlary bilen millionlarça adamyň köňüllerinde tagt guran sungat işgäri 9 gezek “Altyn plastinka” baýragyna laýyk görülipdi, 30-dan gowrak albom çykarypdy we 30-dan gowrak filmde oýnapdy.

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Sungat jemgyýetimiziň we türk aýdym-sazynyň iň möhüm we gymmatly şahsyýetlerinden biri bolan hormatly Ferdi Taýfuryň aradan çykmagy meni örän gynandyrdy. Ferdi Taýfura Alladan rehnet dileýärin, maşgalasyna, muşdaklaryna we sungat jemgyýetimize gynanç bildirýärin. Jaýy jennetden bolsun" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Fidan: ADF dünýä liderlerini kabul etdi, Türkiye bolsa diplomatik roluny giňeldýär
Pakistanyň Premýer-ministri ABŞ-Eýran gepleşiklerini seljermek üçin goňşy ýurtlara sapar gurar
Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Fidan Siriýanyň Prezidenti Şara bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
Erdogan Eýrana guralýan bikanun hüjümler sebäpli sebite uly howpuň abanýandygyny aýtdy