Italiýanyň ýaryş we sport awtomobillerini öndüriji kompaniýasy Ferrari erkek, zenan we çaga egin-eşikleri liniýasyny işe girizdi we restoran açdy diýip, REN-TW salgylanyp, Day.Az habar berýär.
Egin-eşik liniýasynyň döredijilik müdiri öň Armani moda öýi bilen işleşen Rokko Iannone boldy. Lýuks egin-eşikleriniň birinji hatarynyň tanyşdyrylyşy Italiýanyň Maranello şäherinde, kompaniýanyň zawodynda bolidleriň arasynda geçirildi. Maranellodaky zawodyň garşysynda Ferrari restorany hem açyldy.
Ýygyndyda esasy reňkler Ferrari üçin adaty bolan gyzyl we sary reňkler boldy.Tikin fakturasy üçin dizaýnlaryň köpüsi 1947-nji ýylda Enso Ferrari tarapyndan esaslandyrylan kompaniýanyň arhiwinden alyndy.Egin-eşikleri taýýarlamakda dizaýnerler adaty italýan önümçiligine we ýokary hilli tikinçilik sungatyna aýratyn ähmiýet berdiler.
Ferrari-niň lýuks egin-eşikleri onlaýn, şeýle-de Maranellodaky, Rimdäki, Milandaky, Los-Anjelesdäki we Maýamidäki dükanlarda satylar. 2022-nji ýylda Hytaýda hem dükan açmak meýilleşdirilýär.Ferrari restoranynyň ruhlandyryjysy ýerli KHBS tarapyndan “önümleriň reňkini, gurluşyny we geometriýasyny inçelik bilen duýýan suratkeş” diýlip atlandyrylýan şef-aşpez Massimo Bottura boldy.