Ferrari özüniň ilkinji eşik söwda ulgamyny açdy

Ferrari özüniň ilkinji eşik söwda ulgamyny açdy

Italiýanyň ýaryş we sport awtomobillerini öndüriji kompaniýasy Ferrari erkek, zenan we çaga egin-eşikleri liniýasyny işe girizdi we restoran açdy.

Egin-eşik liniýasynyň döredijilik müdiri öň Armani moda öýi bilen işleşen Rokko Iannone boldy. Lýuks egin-eşikleriniň birinji hatarynyň tanyşdyrylyşy Italiýanyň Maranello şäherinde, kompaniýanyň zawodynda bolidleriň arasynda geçirildi. Maranellodaky zawodyň garşysynda Ferrari restorany hem açyldy.

“Biziň täze taslamalarymyz moda önümçiligi we Maranelloda Cavallino (“Atjagaz”) restorany Italiýanyň güýçlüdigini we geljege optimizm bilen seredýändigini görkezmäge gönükdirilendir” diýip, Ferrari-niň prezidenti Jon Elkann belledi.

Ýygyndyda esasy reňkler Ferrari üçin adaty bolan gyzyl we sary reňkler boldy. Tikin fakturasy üçin dizaýnlaryň köpüsi 1947-nji ýylda Enso Ferrari tarapyndan esaslandyrylan kompaniýanyň arhiwinden alyndy. Egin-eşikleri taýýarlamakda dizaýnerler adaty italýan önümçiligine we ýokary hilli tikinçilik sungatyna aýratyn ähmiýet berdiler.

Ferrari-niň lýuks egin-eşikleri onlaýn, şeýle-de Maranellodaky, Rimdäki, Milandaky, Los-Anjelesdäki we Maýamidäki dükanlarda satylar. 2022-nji ýylda Hytaýda hem dükan açmak meýilleşdirilýär.

Ferrari restoranynyň ruhlandyryjysy ýerli KHBS tarapyndan “önümleriň reňkini, gurluşyny we geometriýasyny inçelik bilen duýýan suratkeş” diýlip atlandyrylýan şef-aşpez Massimo Bottura boldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda türkmen-italýan pianinoçylarynyň konserti geçiriler
Çempion çempionlygyny goramagy başardy
Ferstappen ikinji gezek dünýä çempiony boldy
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Singapurda Werstappen däl-de, Perez ýeňiş gazandy
Arassa ganly: Ferrari Purosangue krossoweri bilen tanyşdyrdy
Aşgabatda Türkiýäniň wiza merkezi açyldy, Turkish Airlines oktýabrda ýene 14 ýolagçy uçuşyny amala aşyrar, Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýük ulaglaryndan alynýan ýol ýygymlarynyň möçberleri üýtgediler