Ferrari Stellantis-den ozdy

Ferrari-niň bazar gymmaty 49,2 milliard ýewro ýetip, birnäçe brende eýeçilik edýän Stellantis toparyndan öňe geçdi. Ýokary tizlikli ulaglary öndürýän Ferrari brendiniň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 34 göterim gymmatlap, 53,9 milliard dollara ýetdi. Şeýlelikde, kompaniýanyň bazar gymmaty Fiat we Peugeot ýaly birnäçe brende eýeçilik edýän Stellantis toparyndan öňe geçdi.

Degişli döwürde Stellantis-iň bazar gymmaty 47,1 milliard ýewro boldy.Stellantis Ferrari-niň bäsdeşi Maserati-ä hem eýeçilik edýär.

Stellantis-e degişli kompaniýalar geçen ýylyň dowamynda jemi 5,78 million ulag satypdyr. Ferrari bolsa, 13 müň 221 ulagy müşderilere ýetiripdir. Ferrari geçen ýyl Purosangue atly SUV modelini 402 müň dollardan satuwa çykarypdy.

Bilermenler italýan brendiniň soňky ýyllardaky gazanýan ösüşleriniň paýnamalarynyň gymmatyny artdyrýandygyny belleýärler. RBC Capital maslahat beriş kompaniýasy awtoulag öndürijisiniň paýnamalarynyň bahasynyň 321 ýewro boljakdygyny belleýärler. Häzirki wagtda Ferrari-niň her bir paýnamasy 268 ýewro töweregi.

Amansoltan ŞIRIÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
Ýewropadaky elektroulag satuwy artýar
“Toyota” we “Stellantis” hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Toyota 2021-nji ýylda awtoulag satuwy boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy
Ilkinji zawodyny gurar
Ýewropada awtoulag satuwy artdy