FESCO (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler

FESCO (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler

Russiýa Federasiýasynyň FESCO ulag-logistika kompaniýasy hem-de Özbegistan Demirýollary kompaniýasy Türkmenistanyň çägi arkaly Türkiýä, Afrika we Ortaýer deňziniň kenaryndaky ýurtlara täze üstaşyr ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar. Bu babatda FESCO kompaniýasynyň intermodal hyzmatlary ulanylar.

Türkmenawtoulaglary Agentliginiň öz saýtynda FESCO kompaniýasyna salgylanyp, habar bermegine görä, degişli ylalaşyk FESCO kompaniýasynyň Direktorlar Geňeşiniň başlygy Andreý Sewerilow bilen Özbegistan Demirýollary kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Abdulmalik Kamiljanowyň hem-de Uzželdorkonteýner AGPJ-niň müdiriýetiniň başlygy Akmal Kamalowyň arasyndaky Daşkentde geçirilen duşuşykda gazanyldy.

Mundan başga-da, şol duşuşykda Daşkent bilen Moskwanyň arasynda göni konteýner gatnawyny ýola goýmak barada karar kabul edildi.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa sebitinde logistika hyzmatlaryny ösdürmek üçin 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Özbegistanda FESCO TURAN golçur kärhanasy açyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Özbegistan “Farap/Hojadawlet-Türkmenbaşy porty” ugruny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Dawid Melkumow 48 tonnalyk wagony süýşürmegi başardy
Diýarymyz bagy-bossanlyga öwrülýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi, Arkadag şäherinde durmuş toýy tutuldy, türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan Watanlaryna dolandylar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberi 3,5 esse artdy
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär