FIA-nyň Bütindünýä geňeşi “Formula-1-iň” täze motor düzgünnamasyny kabul etdi

FIA-nyň Bütindünýä geňeşi “Formula-1-iň” täze motor düzgünnamasyny kabul etdi

Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) Bütindünýä geňeşi 2026-njy ýyldan güýje girjek “Formula-1-iň” hereketlendirijileri üçin täze düzgünnamanyň tassyklanmagyna ses berdi. Bu barada FIA-nyň saýtynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Düzgünnama laýyklykda, täze alty silindrli güýç gurluşlary ýangyjyň täze sintetiki görnüşinde işlär hem-de has köp elektrik energiýasyny ulanar. Şeýle-de, toparlaryň çykdajylaryny çäklendirýän maliýe düzüjisi ylalaşyldy.Geňeş 2022-nji we 2023-nji ýyl möwsümleriniň tehniki düzgünnamasyna ulagyň dik yrgyldamasynyň täsirini peseltmäge we ýaryşa gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň kabul edilmegine ses berdi.

Olaryň bir bölegi awgust aýynyň ahyrynda geçiriljek Belgiýanyň Gran-prisinden, bir bölegi bolsa 2023-nji ýyldan başlap güýje girer.Beýik Britaniýanyň Gran-prisindäki heläkçilikden soň FIA düzgünnama ýokarky howpsuzlyk dugasynyň berkligini ýokarlandyrmak barada düzgüni girizdi.

Ýene degişli makalalar

Formula — 1-iň 2023-nji ýylyň möwsümi üçin senenamasy tassyklanyldy
Audi Formula 1-e dolanýar
Formula-1-iň Italiýa tapgyry sil sebäpli ýatyryldy
Ferstappen Awstraliýa Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy
Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler, Brýansk maşyngurluşyk zawody Türkmenistana 5 sany ýük teplowozyny iberdi, noýabrda boljak howa barada