Filippinlerde 43 Gün Ýiten Uçaryň Ýeri Anyklandy

Filippinlerde 43 Gün Ýiten Uçaryň Ýeri Anyklandy

Filippinlerde ýitenden 43 gün soň ýeri anyklanan uçardaki 6 adamyň jesedi tapyldy.

Ýurduň Izabela sebitinde ýerleşýän Kaýandan Makonakona gitmek üçin 24-nji ýanwarda uçandan soň dereksiz ýiten uçaryň ýeriniň anyklanylmagy baradaky işler güýçli depginde dowam etdi.

Gözleg işleriniň çäginde 43 gün ozal ýiten bir hereketlendirijili “Sessna 206” kysymly uçaryn daglyk sebitde ýere gaçandygy anyklandy we biri uçarman 5 ýolagçynyň jesedi tapyldy.

Amatsyz howa şertleri we sebitiň daglyk gurluşy sebäpli uçaryň ýeriniň anyklanylmagy baradaky işleriň birnäçe hepde dowam edendigi bellenildi.

Filippinlerde 1-nji martda 5 ýolagçysy bilen uçarman dikuçardan bolsa henizem habar ýok.

Ýene degişli makalalar

“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
Röwşen aýakgaplary erkek aýakgaplarynyň ýaz-tomus görnüşlerni hödürleýär
TİKA Azerbaýjanda Ýene-de Bir Taslamany Iş Ýüzüne Geçirdi
Türk pälwan Ryza Kaýaalp bürünç medal üçin bäsleşer
Pekin 2008-den bäri çempion bolup gelýär, yzly-yzyna 4-nji altyn medaly
Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder