Filmleriň we kompýuter oýunlarynyň ysyny berýän enjam

Ýaponiýanyň “Aromajoin” kompaniýasy Las Wegasda (ABŞ) geçirilen Halkara sarp ediji elektronika sergisinde (CES 2023) “Aroma Shooter Wearable” atly enjamyny hödürledi.Täze tehnologiýa, ulanyja film ýa-da wideooýnunyň ysyny almak üçin yslary “sanlylaşdyrmaga” mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmaklaryna görä, “AromaJoin Aroma Shooter” ys diffuzeri dünýädäki ilkinji ysly wideo platformasy “AromaPlayer” bilen bilelikde işleäp, ulanyjynyň burnuna ekranda görýän zatlaryna laýyk gelýän ysy iberýär. “Aroma Shooter” adaty ys diffuzordaky ýaly suwuk ýa-da gaz däl-de, gaty haldaky patronlary ulanyp, ysyň has ýiti we dowamly bolmagyny üpjün edýär.

Platformada kofeden başlap, deňziň ysyna çenli 100-den gowrak ys bar.

Aýgül HALLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Täze ýaryşyň ilkinji çempiony
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ABŞ-da Uniwersitetde Ýaragly Hüjüm Guraldy
Çempion boldy, şonda-da ýeňişden doýanok
Russiýa ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň mugt bilim almak baradaky arzalaryny kabul etmegiň möhletini uzaltdy, türkmen estrada ýyldyzlary Moskwanyň konsert meýdançalarynyň birinde çykyş etdiler we beýleki habarlar
22-nji oktýabr: ussat derwezeçileriň doglan günleri