Finlýandiýada köpri ýykylyp, 24 adam ejir çekdi

Finlýandiýada köpri ýykylyp, 24 adam ejir çekdi

Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkiniň golaýyndaky Espoo şäherinde wagtlaýyn köpri ýykylyp, 24 adam ejir çekdi we olaryň köpüsi sekizinji synp okuwçylarydyr diýip, Reuters habarlar gullugyna salgylanýan Informburo.kz ýazýar.

Ýurduň polisiýasy wagtlaýyn gurlan köprüniň fanerden gurlandygyny anyklady.

Alnan şikesler ejir çekenleriň janyna howp salmaýar diýip, Helsinkiniň hassahanasynyň habarnamasynda aýdylýar.

Köpri syýahatdan gaýdyp gelýän mekdep okuwçylarynyň topary geçip barýarka, ýykylypdyr. Onuň gurluşyk işleri üçin wagtlaýyn gurlandygy habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň bagtly şäherleri
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Erdogan Finlýandiýanyň Prezidenti bilen global we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistan ÝHHG-niň Hemişelik Geňeşinde Halkara Bitaraplyk gününi belledi
Türkmenistan ÝHHG-niň Hemişelik Geňeşinde Halkara Bitaraplyk gününi belledi
Köpçülikleýin göwnüçökgünligiň we ukusyzlygyň sebäbi ýüze anyklandy
“Meni sem edip bilmezler”: Türkmen žurnalisti Ýewropa goýberilmezliginden soň