Finlýandiýanyň 3-nji çempionlygy

Hokkeý boýunça Slowakiýada geçirilen 83-nji Dünýä çempionatynda Finlýandiýanyň ýygyndysy ýeňiji boldy.Finler finalda Dünýä çempionatlarynda 26 çempionlygy bolan Kanadanyň ýygyndysyny 3:1 (0:1, 1:0, 2:0) hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Ilki bilen hasaby kanadalylar açdy.Ony Şi Teador derwezä girizdi (10:02). 2-nji periotda finler Marko Antillanyň takyk urgusy bilen hasaby deňledi (22:35). 3-nji periotda bolsa, finler ýene 2 şaýbany güýçli garşydaşynyň derwezesine girizdi.

Olary Marko Antilla (42:35) bilen Harri Pesonen (55:54) öz atlaryna ýazdyrdy.Bu ýeňiş Finlýandiýanyň taryhyndaky 3-nji çempionlygy bolup, olar mundan ozal, 1995-nji we 2011-nji ýyllarda-da kubogy gazanypdy.

Finlýandiýa bilen Kanada toparçada-da duşuşypdy we şol duşuşykda hem ýewropalylar 3-1 hasabynda üstün çykypdy.Bratislawa we Koşise şäherlerinde geçirilen çempionatda Russiýanyň ýygyndysy 3-nji ýeri eýeledi.

Russiýaly hokkeýçiler bu ugurda çehlerden goşmaça wagtda 3:2 hasabynda üstün çykdy. Çempionatyň iň gymmatly oýunçysy (MWP) diýlip, kanadaly Mark Stoun saýlandy.Hokkeý boýunça nobatdaky çempionat geljek ýyl Şweýsariýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi.
2023-nji ýylyň sport kalendary
Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy yslam döwletleri tarapyndan geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşar
Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň senesi mälim edildi, Huawei Aşgabatda telefon torlaryny giňeldýär, 2023-nji ýylda Türkmenistanda birnäçe halkara talyp olimpiadalary geçiriler we beýleki habarlar
Özbegistan türkmen nebitini satyn almak barada ylalaşdy, Aşgabat we Kazan göni howa gatnawy bilen birleşer, russiýaly telekeçiler 2023-nji ýylyň aprelinde Türkmenistana gelerler we beýleki habarlar