Fonseka “Romanyň”, Awjy “Beşiktaşyň” tälimçisi boldy

Italiýanyň “Roma” topary tälimçilige portugaliýaly hünärmen Paulo Fonsekany belledi. 46 ýaşly tälimçi italýan topary bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. 3 ýyldan bäri “Şahtýor Doneske” tälim berip gelýän Fonseka ukrain toparyna 3 çempionlyk gazandyrdy. “Şahtýor” bilen Ukrainanyň Kubogyny-da 3 gezek eýelän Fonseka ondan ozal, “Pakos Ferreira”, “Braga” hem-de “Porto” toparlarynda tälimçi bolupdy. “Şahtýor” topary Fonsekanyň ornuna başga bir portugal hünärmeni, 57 ýaşly Luis Kastrony tälimçilige belledi.

Doneskliler täze tälimçileri bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy.Kastro mundan öň öz ýurdunyň “Penafiel”, “Portu”, “Rio Awe”, “Şawiş”, “Witoriýa” toparlaryna tälim beripdi.Şenol Güneşiň Türkiýäniň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolmagyndan soň, “Beşiktaş” topary onuň ornuna “Istanbul Başakşehiriň” tälimçisi Abdullah Awjyny wezipä belledi.

Gara bürgütler tejribeli tälimçi bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Istanbul Başakşehir” topary Awjynyň ýerine Okan Burugy tälimçilige belledi.

Ýene degişli makalalar

UEFA Ýewropa ligasy
“Çelsi” gol bolup ýagdy
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Azmun Baýer bilen Ýewroligadaky ilkinji duşuşygyna gatnaşdy, Barselona öz meýdanynda ýene ýeňip bilmedi we başga netijeler
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli