Fotopursatlar: Aşgabat güýzüniň üýtgeşik öwüşginleri

Şu günler türkmen paýtagtynyň seýilgähleri üýtgeşik röwüş ýapraklardan örtük edindi. Noýabryň bir güni çala sepelän gar görnüşli gyşyň çala alamaty we awusy ýagşy duýlan gijeki aýazlar ýylyň bu paslyna mahsus bolmadyk üýtgeşik tebigy ýagdaý döretdi.

Ýekşenbe güni irden örlän aşgabatlylar daratglaryň barynyň güýz örtügini taşlanyny görüp galdylar. Şemal gün şöhlelerine ýalpyldaşýan, aýaz degen ýapraklary ýere ýazyp, sarymtyl-gyzgylt nagyş döretdi.

Tut altynsow ýapraklaryny ýere peşgeş beren daragtlaryň ilkinjilerindendi. Ýasy ýaprak agaçlaryň ýapraklary näzik bolýar. Dublar hem aýaza çydaman, töweregine ýapraklardan nagyş saldy. Klýon-da gazonlary örtügi bilen bezedi.

Birsalymda seýilgählerdir baglarda ýapraklardan tolkunlar emele geldi. Bu, elbetde, jemagat hojalygy gulluklarynyň işgärleriniň aladasyny artdyrdy. Ýöne Aşgabat nähili şahyrana görke girdi diýsene, onuň gözelligine tebigat owadan şekiller goşdy, ýapraklaryň hoşowaz şyggyldysyna gulak asyp, gyşyň gyssap gelýän giçki güýz günleriniň hoşboý ysyndan dem alyp, paýtagtymyzyň baglarynda gezelenç etmegiň lezzeti aýry ahyry.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Tolkun nädip emele gelýär?
Garagumyň gözellik dünýäsine syýahat
Çeperçilik akademiýasynda zenan nakgaşlaryň iň gowy eserleri görkezildi
Şemalyň sesi
Iň gowy bugdaý