Şemalyň sesi

Tebigy hadysa bolan ýeliň turmagy üçin käbir fiziki şertler emele gelmelidir. Ýer ýüzünde ekologik deňagramlylygyň we tebigy hadysalaryň yzygiderli dowam etmegi üçin ýeliň bolmagy hökmanydyr.Käbir ýerlerde has güýçli ýel turup, agaçlaryň köki bilen gopmagyna getirip bilýär.

Tomsuna, esasan hem, deňiz tarapdan serginlediji şemal öwüsýär.Bulardan başga ýeliň sesi hem bar.Ertekilerde we filmlerde ýeliň sesi gorkuzyjy edip görkezilýär.Eýsem, bu ses nädip emele gelýärkä?! Şemal dürli görnüşli ses çykaryp, bu sesler ýeliň tizligine, öwüsýän ugruna, onuň öňündäki jaý, agaç ýaly päsgelçiliklere görä üýtgeýär. Ýeliň tizligi artdygyça sesiň ýygylygy hem ýokarlanýar. Şemalyň sykylyk çalýan ýaly bolup çykmagynyň sebäbi, onuň aýlanyp öwüsmegi bilen baglydyr. Ýagny, tüweleý şeýle ses çykarýar.

Aýlanyp hereket edýän tüweleý howanyň basyşyny üýtgedýär.Aýlanýan howanyň emele getiren ses tolkunlary sykylyk ýaly bolup eşidilýär. Ýeliň sagatdaky tizligi 40 km-den geçeninden soň bolsa has başgaça ses çykaryp başlaýar.

Onuň sesi öňünden çykýan zadyň ululygyna ýa-da şekiline görä üýtgeýär.Mysal üçin, çynar agaçlarynyň arasynda öwüsýän şemalyň sesi bilen pürli ýapraklary bolan arçalaryň arasynda öwüsýän şemalyň sesi tapawutly bolýar.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Tolkun nädip emele gelýär?
Garagumyň gözellik dünýäsine syýahat
Çeperçilik akademiýasynda zenan nakgaşlaryň iň gowy eserleri görkezildi
Fotopursatlar: Aşgabat güýzüniň üýtgeşik öwüşginleri
Iň gowy bugdaý