Çeperçilik akademiýasynda zenan nakgaşlaryň iň gowy eserleri görkezildi

Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň amaly sungat kafedrasynyň zenan mugallymlarynyň baýramçylyk mynasybetli guran sergisi şekillendiriş sungatynyň, kreatiw döredijiligiň muşdaklarynda, şeýle hem KHBS-niň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.Solmaz Muhammedowa bilen Gülýara Babaýewanyň eserleri söýgi we bahar gözelliginiň şahyrana dünýäsine aralaşdyrýar.

Olaryň hersini 50-ä golaý işi goýlupdyr.Solmaz Muhammedowanyň dessine tanalaýan usulynda ýerine ýetirilen keramik güldanlarynyň, nepis gaplarynyň we her hili kompozisiýalarynyň arasyna bu gezek tanymal keramikaçy dürli reňkli owadan kompozisiýany-da, hat-da zenan portretleriňem birnäçesini goşupdyr.

Zenanlaryň ählisiniň 8-nji mart baýramyna sowgat bolup görünýän güller baýramçylyk ruhuny döredýär.Inçeden nepis, reňk çaprazlygynda döredilen Gebrerler we Şemala ygşydaşýan çigilemler eserleri has owadan.Onuň kärdeşi Gülýara Babaýewanyň eserleriniň ýordumy başgaça usulda berlipdir, ol eserlerine Meniň garaýşym diýip umumy at beripdir.

Onuň eserleriniň ählisiniň nakgaş zenanyň öz bagtyýar duýgylaryndan dörändigi bildirip dur.Meselem, Maşgala suratyny alyp göreliň.Birbada sazlaşykly mähirli reňklerde çekilen eserde balyjyklar, garlawaçlar, güller we gelşikli gök ýapraklar şekillendirilipdir. Ýöne surata siňňin seretseň welin, onda duýgy sazlaşygy birleşdiren erkek kişi bilen zenanyň keşbi göze ilýär...

Men öz maşgalamdan ylham alýaryn -diýip Gülýara işleriniň tematikasy barada gürrüň berende aýdýar.Bu babatda erkek adamyň ýüz keşbi şekillendirilen tabak bellenmäge mynasypdyr, onda stilleşdirilendigine we inçe kinaýa garamazdan onuň ýanýoldaşy, tanymal heýkeltaraş Saragt Babaýewiň keşbi göze ilýär.

Tabak Meniň maşgalam diýlip atlandyrylýar.Gurbananazar Ezizowyň iki portreti-de ajap çykypdyr, onda şahyr goşgy setrileriniň öňünde şekillendirilipdir.Gülýara Babaýewanyň baý fantaziýasy we yzygiderli döredijilik gözlegleri haýran edýär. Çeper elli Gözel Babaýewanyň işleri-de has owadan. Älem jadysy atly işinde açylan gül, onuň aşak ýüzünde nakgaş çotgasy şekilli gunça çekilipdir, onuň iri ýapraklary palitrany ýada salýar.

Jeren Çaryýewanyň Manzar atly kiçeňräk gobeleni nepis reňkli sapaklar bilen dokalypdyr.Gülbahar Annagulyýewanyň Gelinler keramiki kompozisiýasynda şadyýan dört gelin şekillendirilipdir.Onuň Nar atly beýleki bir işinde bişip ýarylan miweler mürşeren garry töňňä gaçypdyr.

Bahar Gylyjowa ýüwrük bedewi özboluşly, kubizm usulynda şekillendiripdir.Onuň bu işi geometrik çyzgylardan doly suratly halynyň ýordumyny ýada salýar.Sergide üns berlerine mynasyp işler kän, onuň guramaçylary sergä gatnaşanlaryň ählisini hormat haty hem-de baýrak bilen sylagladylar.

Zenan nakgaşlaryň hersi üçin sergä gelenleriň ýürekden çykýan duýgylaryndan, öz döredijiligine gyzyklansalar we işleri bilen tanşanda ýylgyrsalar, galyberse-de: Bu zehinli, kreatiw pikirlenýän we özboluşly eserleri döredýän zenanlaryň eserleri indi haçan görkezilerkä?

diýip sowarasalar, olara Halkara zenanlar gününe şondan gaýry sowgat gerekmi diýsene!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanýar
Türkmen keramikaçylarynyň işleriniň sergisi
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi