Fransiýa millionerleriň sany boýunça ilkinji üçlüge girdi

Fransiýa millionerleriň sany boýunça ilkinji üçlüge girdi

Fransiýada emlägi bir million dollardan geçýän adamlaryň 2,8 milliondan gowragy ýaşaýar. Bu barada Şweýsariýanyň UBS bankynyň maglumatlaryna salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Hasaplamalara görä, Bäşinji Respublikada millionerleriň umumy sanynyň 4,8 göterimi ýaşaýar. Sanawda öňdeligi Birleşen Ştatlar eýeleýär, bu ýurtda millionerleriň 38,2 göterimi bar. Sanawda ikinji orunda millionerleriň 10,5 göterimi, ýagny 6,23 million adam bilen Hytaý ýerleşýär.

Şunlukda, Fransiýa Ýaponiýadan, GFR-den we Britaniýadan saýlanyp, ilkinji gezek bu sanawda üçünji orna çyldy. Ady agzalan ýurtlarda millionerleriň görnetin azalandygy habarda bellenýär.

Bütin dünýäde millionerleriň sany 2022-nji ýylda 3,5 million azalypdyr. Bu ýagdaý 2008-nji ýyldan bäri ilkinji gezek hasaba alynýar.

Ýene degişli makalalar

Shell dünýäde iň gymmat nebitgaz brendi boldy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Najmiýew netijeli oýunçylaryň sanawynda ýene-de birinji orna geçdi
Magtymgulynyň döredijiliginde syrly ýyllaryň beýany
Gyrgyzystan 2024-nji ýylda Türkmenistandan import edýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär
Telekeçilik şertleri ilaty däl, aýratyn alnan adamlary baýadýar
Türkmenistanda 45 sany döwlet emlägi hususylaşdyrmaga berler