Türkmenistanda 45 sany döwlet emlägi hususylaşdyrmaga berler

Türkmenistanda 45 sany döwlet emlägi hususylaşdyrmaga berler

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi dürli maksatly 45 desgany öz içine alýan döwlet emläginiň bäsleşikli satuwyny geçirer. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Şeýlelik bilen, hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň hataryna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenawtoulaglary agentliginiň, Türkmenbaşy bankynyň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň, Aşgabat şäher, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň ygtyýaryndaky binalar girýär.

Bäsleşikli söwda 28-nji iýulda ir sagat 10:00-da döwlet emläk sanly söwda platformasynda geçiriler. Hasaba alyş şondan bir sagat öň başlar.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 92-12-97/92-11-34, 39-46-09/63/69.

Ýene degişli makalalar

Täsin ukyply Liwanur Täsin adamlarda bäsleşdi
Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
ITEA IT akademiýasy grafiki we UI/UX dizaýnyna bagyşlanan mowuklaýyn agşama çagyrýar
Gyrgyzystan 2024-nji ýylda Türkmenistandan import edýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär
Telekeçilik şertleri ilaty däl, aýratyn alnan adamlary baýadýar
HORMATLY PREZIDENTIMIZ LEBAP SEMENT ZAWODYNYŇ IKINJI TAPGYRYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY