Gyrgyzystan 2024-nji ýylda Türkmenistandan import edýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär

Gyrgyzystan 2024-nji ýylda Türkmenistandan import edýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär

2024-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan 1,7 milliard kWt elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyzystanyň energetika ministri Taalaýbek Ibraýew РИА Новости gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Gyrgyzystan elektrik energiýasyny häzirki wagtda Türkmenistandan we Russiýadan satyn alýar.

Taalaýbek Ibraýew: InterRAO (Russiýa), meýilleşdirişimiz ýaly, ýylyň ahyryna çenli takmynan 1,5 milliard kWt sagat elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Türkmenistandan 1,6 milliard kWt sagat elektrik energiýasy import ediler. Geljek ýylda bolsa Türkmenistandan 1,7 milliard import etmegi meýilleşdirýäris diýdi. Ministriň sözlerini Newscentralasia paýlaşdy.

Hasaplamalara görä, her ýyl elektrik energiýasynyň sarp edilişi ýokarlanýar. 2022-nji ýylda takmynan 16 milliard kWt sagat bolan bolsa, bu ýyl 17,3 milliard bolar. Ykdysadyýet ösýär, bu bolsa elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň hem artýandygyny aňladýar diýip, ministr belledi.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýanyň çeşmeleri näme üçin dünýä açylar?
Magtymgulynyň döredijiliginde syrly ýyllaryň beýany
Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar
Fransiýa millionerleriň sany boýunça ilkinji üçlüge girdi
Telekeçilik şertleri ilaty däl, aýratyn alnan adamlary baýadýar
Türkmenistanda 45 sany döwlet emlägi hususylaşdyrmaga berler