Fransiýada maýyplaryň galýan binada ýüze çykan ýangynda 11 adam ýogaldy

Fransiýada maýyplaryň galýan binada ýüze çykan ýangynda 11 adam ýogaldy

Ýokary Reýn sebitiniň gubernatorlygyndan berilen beýanata görä, sebitdäki Kolmar şäherinde maýyplaryň galýan Winsenhaým kampusyndaky binada düýn irden ýangyn ýüze çykdy.

Wakanyň bolan ýerine baran ýangyn söndürijiler 17 adamy halas edip, ýangyny gözegçilik astyna aldy.

Gubernatoryň orunbasary Natali Kilwasser binanyň içinde galan 11 adamyň jesediniň tapylandygyny habar berdi.

Ýangynda ýaralanan 1 adam bolsa hassahanada bejergi astyna alyndy.

Prezident Emmanuel Makron ozalky ady Twitter bolan X sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Winsenhaýmdaky ýangynyň ýüze çykan binada maýyplar bilen olara ýoldaşlyk edýän adamlaryň galandygyny mälim etdi.

Ýangynda ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç we ýangynyň ýaramaz täsir ýetiren adamlara duýgudaşlyk bildiren Makron, binadan ençeme adamy ewakuasiýa eden ýangyn söndürijilere minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Çilidäki Tokaý Ýangynlarynda Ýogalanlaryň Sany Artdy
Argentinadaky ÝUNESKO-nyň seýilgähinde ýangyn tutaşdy
ABŞ-da howa menzilinde angar çökdi
Argentinanyň Los-Alerses milli seýilgähindäki ýangynyň ýaýrawy 80%-e ýetdi
Hytaýda köp gatly binada ýangyn boldy
Serbiýadaky we Bosniýa-Gersegowinadaky söwda merkezilerinde ýangyn boldy