Fransiýada ses radarlary işläp başlady

Fransiýada ses radarlary işläp başlady

Fransiýanyň köçelerinde gaty sesli awtoulaglary we motosiklleri ýüze çykarjak üýtgeşik radarlar peýda boldy.

Mundan beýläk Parižiň, Nisanyň, Lionyň we Bronuň köçelerinde oturdylan şeýle radalar gaty sesli ulaglaryň eýelerine awtomatiki ýagdaýda jerime ýazar.

Enjam kameradan we mikrofondan ybarat. Mikrofon sesiň çeşmesiniň ugruny kesgitläp bilýär. Soňra kamera sesiň çeşmesine öwrülip, ​sesi ​aşa güýçli ulagy surata düşürýär.

Mag.auto.ru-nuň habar bermegine görä, häzirki wagtda ses radarlary synag tapgyrynda işledilýär. Täze enjamlaryň ýalňyşmak derejesi entek belli däl.

Ýene degişli makalalar

Russiýada görejini ýitirenlere görmäge kömek etjek neýroimplant döredildi
Apple täze önümlerini hödürledi
Mikroshemalaryň ýetmezçiligi “iPhone 13”-iň önümçiligine täsir eder
Bill Geýts Fethiýä Geldi
Taryhda ilkinji gezek kosmosda çili burçy ösdürilip ýetişdirildi
Aşgabadyň etegindäki ilat transport kösençligine duçar bolýar