Russiýada görejini ýitirenlere görmäge kömek etjek neýroimplant döredildi

Russiýada görejini ýitirenlere görmäge kömek etjek neýroimplant döredildi

Sensor-Teh barlaghanasy körlere we kerlere kömek bermek gaznasy “So-ýedineniýe” bilen bilelikde kelle beýnisiniň korteksine girizmek üçin ELVIS implantyny hödürledi. Ol görejini ýitiren, ýöne öň görmek ukyby bolan, ýagny görüş tejribesine eýe bolanlar üçin niýetlenendir.

Bu işde Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýokary nerw işjeňligi we neýrofiziologiýa instituty hem-de MIREA Russiýanyň tehnologiýa uniwersitetiniň kollektiw taslamak merkezi işläp düzüjilere ylmy maslahatlary berdiler.Implant kelle beýnisiniň görüş korteksiniň meýdanyna oturdylyp, ony ownuk toklar bilen gyjyndyrýar. Şeýle-de, şekili real wagtda hasaba alýan iki kameraly kelle halkasy we kameralardaky şekilleri seljerýän, möhüm obýektleriň suduryny aýratynlandyrýan we gaýtadan işlenilen kadrlary implanta geçirýän mikrokompýuter bar.

Mikrokompýuter biliňe berkidilýär. “Sensor-Tehiň” müdiri Denis Kuleşow beýniniň täze maglumat çeşmesine uýgunlaşýandygyny aýdýar. Şeýlelik bilen, eger görýän adamda wizual obrazlar gözüň kömegi bilen ýüze çykýan bolsa, kör adamda olar elektrik gyjyndyrmasy arkaly göni görüş korteksine gelýärler.

Kuleşowyň aýtmagyna görä, kameralardan alnan şekiller 10x10 piksele çenli kiçeldilýär we gara-ak görnüşinde beýnä geçirilýär.Bu detallary görmäge mümkinçilik bermez, ýöne umumy wizual maglumatlary we obýektleriň sudury barada düşünje berer.

Implanty taýýarlamak işi eýýäm iki ýyl bäri alnyp barylýar.Häzirki wagtda ELVIS ulgamynyň komponentleri gemrijilerde synagdan geçirilýär.Soň olar maýmynlarda synagdan geçiriler.Işläp düzüjiler munuň saglyga howp salyp biljek inwaziw tehnologiýadygyny belleýärler.

Haýwanlarda geçirilen synaglaryň netijelerine esaslanyp, Roszdrawnadzor ony meýletinçilerde synagdan geçirmäge rugsat bermelidigini ýa-da däldigini kesgitlär. ““Sensor-Teh” barlaghanasynda” 2023-nji ýylda on sany gözi görmeýän meýletinçide kortikal implanty oturtmagy meýilleşdirýärler.

Eger işler şowly bolsa, tehnologiýa hasaba alnar. 2027-nji ýyldan başlap operasiýalar Russiýada, soňra beýleki ýurtlarda hem giňden elýeterli bolup biler.

Ýene degişli makalalar

“Colvir” Aşgabatda bank ulgamyndaky soňky sanly tehnologiýalar boýunça maslahat geçirdi
Kanada Russiýa garşy sanksiýa girizer
Türk Lirasy Moskwa biržasynda
Russiýa bilen BAE-niň arasynda haryt dolanyşgy artýar
Denis Prosenkonyň kakasy türkmen halkynyň Milli Liderine hat iberdi
Türkmenistan Türkiýede we Siriýada adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç bildirdi we beýleki habarlar
Ukrainada Dikuçar Heläkçiliginde Ýogalanlar Soňky Ýoluna Ugradyldy