Lukman Täze ýyl baýramynda nämäni ýatlamalydygyny maslahat berdi

Lukman Täze ýyl baýramynda nämäni ýatlamalydygyny maslahat berdi

Täze ýyl baýramçylyk keýpini bozmazlyk üçin geçen ýylyň şowsuzlyklaryny ýatlamak zyýanlydyr, munuň üçin ýeňişleridir bagtly pursatlary köp ýatlamak gerek diýip, russiýaly psiholog lukman Denis Dolgow gürrüň berdi.

Aslynda, täze ýylyň öňýanynda geçip barýan ýylyň jemlerini jemlemek däbe öwrülendir. Şunda bosagada duran ýylyň öňisyrasynda ýylyň jemlerini jemläp, geljek ýyla maksat bellemek hökman diýlip hasaplanýar. Emma lukmanyň aýtmagyna görä, bu iň zyýanly Täze ýyl däpleriniň biridir.

Bu ýerde hökman çüwmedik arzuwlary hem ýatlamaly bolýar. Emma biziň psihikamyz adatça ýakymsyz täsir galdyran wakalary aýdyň ýatda saklaýar. Şunuň bilen birlikde, baýramçylyk keýpimize ol wakalary ýada salmagyň ýakymsyz täsir etjekdigi gümansyzdyr diýip, hünärmen aýdýar.

Şonuň üçin Täze ýylyň öňýanynda geçen ýylyň jemleri seljerilende, mümkingadar diňe ýakymly wakalary ýatlajak bolmaly. Şowsuzlyklar siziňem, töweregiňizdäkileriň hem keýpini bozup biler diýip, psiholog Denis Dolgow maslahat berýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýa Russiýanyň käbir raýatlaryny sanksiýa sanawyna goşdy
Ukrainanyň Prezidenti ýurtda elektrik toklaryň kesilmegi bilen bagly beýannama berdi
Ukraina: "Söweş ýurduň infrastrukturasyna 700 milliard dollar ululygynda zyýan ýetirdi" diýdi
“Bosniýa-Gersogowinanyň NATO Agzalygyna Goldaw Berýäris”
Ukrainadaky dikuçar heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy
Ukrainanyň paýtagty Kiýewdäki dikuçar heläkçiliginde ýurduň Içeri işler ministri ýogaldy