Ukrainadaky dikuçar heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ukrainadaky dikuçar heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň golaýynda dikuçaryň heläkçilige uçuramagy netijesinde ýurduň Içeri işler ministri Denis Monastyrskiý we orunbasary bilen birlikde jemi 18 adam ýogaldy.

Kiýew welaýatynyň gubernatory Oleksiý Kuleba, wakada ýogalanlaryň sanynyň 18 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 15-si çaga jemi 29 adama ýetendigini habar berdi.

Ukrainanyň Içeri işler edarasynyň müdüri Igor Klimenko, ýere gaçan dikuçarda ýurduň Içeri işler ministri Denis Monastyrskiý bilen orunbasary Ýewgeniý Ýeniniň ýogalandygyny mälim etdi.

Ukrainanyň metbugatynda berilen habarlarda, dikuçaryň çagalar bagynyň golaýynda gaçandygy we sebitde ýangynyň ýüze çykandygy aýan edildi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň geňeşçisi Anton Geraşenko sosial media hasaby Facebook-yň üsti bilen: "Tragediýanyň sebäpleri derňewçiler tarapyndan derňelýär. Sabotažmy, enjamlaryň näsazlygymy, uçuş howpsuzlygynyň düzgünleriniň bozulmagymy, ýakyn wagtda aýan bolar" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Prigožiniň maşgalasyna gynanç bildirdi
Beýik Britaniýa Russiýanyň käbir raýatlaryny sanksiýa sanawyna goşdy
Ukrainanyň Prezidenti ýurtda elektrik toklaryň kesilmegi bilen bagly beýannama berdi
Lukman Täze ýyl baýramynda nämäni ýatlamalydygyny maslahat berdi
Ukraina: "Söweş ýurduň infrastrukturasyna 700 milliard dollar ululygynda zyýan ýetirdi" diýdi
“Bosniýa-Gersogowinanyň NATO Agzalygyna Goldaw Berýäris”