Beýik Britaniýa Russiýanyň käbir raýatlaryny sanksiýa sanawyna goşdy

Beýik Britaniýa Russiýanyň käbir raýatlaryny sanksiýa sanawyna goşdy

Beýik Britaniýa rus raýatlarynyň Ukrainada söweşmekleri üçin harby gulluga alynmagyny höweslendiren we gollanmany durmuşa geçiren, aralarynda ýurduň Wise-premýeri we Senagat we Söwda ministri Denis Manturow hem bolan jemi 22 resminiň adyny sanksiýa sanawyna goşandygyny habar berdi.

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Russiýanyň ýarag senagatyndan we mobilizlenme edilen birikmeleriň enjamlaşdyrylmagyndan jogapkär Denis Manturow we rus hakyna tutma kärhanasy Wagneriň arkasyndaky adamdygy bilinýän Ýewgeniý Prigožine ýakyn adam bolan Rostow sebitiniň Federal jenaýat gullugynyň başlygy Dmitriý Bezrukih we Russiýanyň Federal tussaghana gullugynyň müdüri Arkadiý Gostew ýaly rus raýatlarynyň sanskiýa sanawyna alynandygy mälim edildi.

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Jeýms Klewerli: "Russiýanyň hökümetiniň bölekleýin mobilizlenme karary, öz topraklaryny goraýan ukrainalylary ýeňilişe sezewar etmek üçin umytsyz bir synanyşykdy. Şowsuz boldy. Şu gün şol mejbury harby gulluk borçlaryny durmuşa geçiren we rus raýatlaryny Putiniň bikanun söweşine ugradan adamlary sanksiýa sanawyna goşduk.

Beýik Britaniýa Ukrainanyň garaşsyzlygyny goramagyna goldaw bermek maksady bilen hem harby kömegini bermäge hem-de Russiýa garşy sanksiýalary girizmäge dowam eder" diýip habar berdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Türkiýede we Siriýada adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç bildirdi we beýleki habarlar
Gurban Berdiýew näme üçin Eýran toparyny saýlandygy barada gürrüň berdi
Ukraina tussaghanalardaky tussaglylary söweşdirmegi meýilleşdirýär
Ukraina: "Söweş ýurduň infrastrukturasyna 700 milliard dollar ululygynda zyýan ýetirdi" diýdi
Lukman Täze ýyl baýramynda nämäni ýatlamalydygyny maslahat berdi
Ukrainanyň Prezidenti ýurtda elektrik toklaryň kesilmegi bilen bagly beýannama berdi