Ukraina: "Söweş ýurduň infrastrukturasyna 700 milliard dollar ululygynda zyýan ýetirdi" diýdi

Ukraina: "Söweş ýurduň infrastrukturasyna 700 milliard dollar ululygynda zyýan ýetirdi" diýdi

Ýurduň paýtagty Kiýew şäherinde ýylyň ilkinji Ministrler kabinetiniň mejlisiniň açylyşynda söz sözlän Şmygal, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän söweşiň üstünde durup geçdi.

Şmygal 24-nji fewralda başlan söweşiň Ukrainanyň infrastrukturasyna ýetiren zyýanynyň tomus aýlaryna garanyňda has artandygyny mälim etdi.

Iýun aýynda geçirilen hasaplaşyk işlerine görä söweş sebäpli Ukrainanyň infrastrukturasynyň 350 milliard dollar derejesinde zyýan görendigini aýdan Şmygal: "Infrastrukturamyza garşy guralan soňky hüjümler hasaba alynanynda şu günki mukdar 700 milliard dollardan geçdi" diýip habar berdi.

Ukrainanyň Premýer ministr Denis Şmygal, söweşiň daşky gurşawa ýetiren zyýanynyň bolsa takmynan 35,3 milliard dollardygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Lukmançylyk boýunça Nobel baýragy adam ewolýusiýasy boýunça gözlegler üçin berildi
Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň kubogy - 2023-e gatnaşmak mümkinçiligini ýitirdi
Ilkinji kosmos syýahatçysy Aýyň hem ilkinji syýahatçysy bolar
Beýik Britaniýa Russiýanyň käbir raýatlaryny sanksiýa sanawyna goşdy
Ukrainanyň Prezidenti ýurtda elektrik toklaryň kesilmegi bilen bagly beýannama berdi
Lukman Täze ýyl baýramynda nämäni ýatlamalydygyny maslahat berdi