Mikroshemalaryň ýetmezçiligi “iPhone 13”-iň önümçiligine täsir eder

Mikroshemalaryň ýetmezçiligi “iPhone 13”-iň önümçiligine täsir eder

Dünýädäki mikroshemalaryň ýetmezçiligi onlarça million “iPhone 13” smartfonlaryň önümçiliginiň togtadylmagyna sebäp bolup biler. Ozal ​​“Apple” kompaniýasy 2021-nji ýylyň soňky üç aýynda, takmynan, 90 million sany smartfony öndürmegi meýilleşdiren bolsa, indi bu çaklamalaryň tersine kompaniýa önümçiligini azaldyp biler.

Ferra.ru saýtynyň maglumat bermegine görä, şu ýyl dünýädäki mikroshemalaryň ýetmezçiligi sebäpli, “Apple” kompaniýasy soňky nesil smartfonlaryny 10 million töweregi az öndürer.

Ýene degişli makalalar

Russiýada görejini ýitirenlere görmäge kömek etjek neýroimplant döredildi
Fransiýada ses radarlary işläp başlady
Apple täze önümlerini hödürledi
Bill Geýts Fethiýä Geldi
Taryhda ilkinji gezek kosmosda çili burçy ösdürilip ýetişdirildi
Aşgabadyň etegindäki ilat transport kösençligine duçar bolýar