Fransiýada sürüjisiz awtobus peýda boldy

Fransiýada sürüjisiz awtobus peýda boldy

Fransiýanyň EasyMile kompaniýasy ýolagçylary sürüjisiz köpçülikleýin ýollardan gatnatmak üçin ilkinji ygtyýarnamany aldy. Şeýlelik bilen, Fransiýa Ýewropada operatoryň bolmazlygynda sürüjisiz awtobuslaryň ulanylmagyna rugsat beren ilkinji ýurt boldy. Bu barada CVBJ habar berýär diýip, Day.Az belleýär.

Ilkinji sürüjisiz awtobus EasyMile EZ10 boldy, ondan öňdäki awtonom ulaglaryň ählisinde amallary gözegçilikde saklamak üçin sürüjiniň bolmagy talap edilýärdi. Awtonom mikroawtobus EasyMile EZ10 Madridiň uniwersitet şäherçesi bilen bir hatarda dünýäniň 400-den gowrak ýerinde synaglardan geçdi.

Dekabr aýynyň başyndan EasyMile EZ10 Tuluzada (Fransiýa) Oncopole lukmançylyk şäherçesi boýunça talyplary gatnadyp başlady. Onda beýleki awtomobiller, motosikller, elektrosamokatlar we ýolagçylar erkin hereket edýärler. EasyMile EZ10 sürüjisiz sagatda 40 km maksimal tizlik bilen ýöreýär.

Mikroawtobus 12 adamy gatnatmaga niýetlenýär. Ol daş-töwereklerinde bolup geçýän zatlaryň üç ölçegli şekilini döredýän lidar, treker, aralygy ölçeýji, kameralar we datçikler bilen üpjün edilendir. Ulagyň programma üpjünçiligi awtobus bir päsgelçilik görende ýa-da garaşylmadyk hadysa sezewar bolanda näme etmelidigini özbaşdak kesgitleýär.

Häzirki wagtda EasyMile EZ10 dördünji derejeli awtodolandyryjy bilen üpjün edilendir. Awtobus öňünden kesgitlenen ugur boýunça özbaşdak hereket edip bilýär.

Ýene degişli makalalar

4-nji ýanwarda günüň esasy habarlary
17 müň ýyllyk saz guraly tapyldy
Wulkan partlamasy boldy
Dördünji ýaryşda-da çempion üýtgänok
1-nji ýarymda “Milan”, 2-nji ýarymda “Inter”
Ikinji tapgyrda utuldy