Fransiýaly sekiz ýyllap 700 müň otluçöpden Eýfel diňini gurdy

Fransiýaly sekiz ýyllap 700 müň otluçöpden Eýfel diňini gurdy

Fransiýaly Rişar Plaud Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek üçin sekiz ýyllap otluçöp dänesinden Eýfel diňini gurdy, emma onuň bu rekordy Ginnesiň kitaby tarapyndan kabul edilmedi. Bu barada LADBible neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Rişar meşhur diňiň agaç nusgasyny gurmak üçin 8 ýylyny we 700 müň sany otluçöp dänesini sarp edendigini gürrüň berdi, emma Ginnesiň kitaby onuň arzasyny otluçöpüň başga görnüşini ulanandygy üçin kabul etmedi.

Talapnamada görkezilişi ýaly, ulanylýan otluçöp işewürlik babatda elýeterli bolmaly. Olar meniň ulanan otluçöpüm satuwda ýok diýen netijä gelipdirler diýip, fransiýaly gürrüň berýär.

Emma muňa garamazdan, internetde onuň döreden täsinligi barada öwgüli sözleri aýdýanlar köp, olar fransiýala Eýfel diňiniň otluçöpden ajaýyp nusgasyny ýasandygy üçin hoş sözlerini gysganmaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 'aşa dinçi' hasaplanan işgärlere işden çykarylmak haýbaty atylýar
Türkmenistan iň arzan benzinli döwletleriň sanawynda ilkinji onluga girdi, DIM Russiýanyň Owganystandaky ilçihanasyndaky jenaýatçylykly heretlere nägilelik bildirdi, Türkiýä gitmek üçin wizalary resmileşdirmekde gerek bolan resminamalaryň sanawy
Türkmenistanda isleg bildirýän raýatlar sürüjilik okuwlaryna çagyrylýar, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä talyplyk wizasyny almak üçin nähili resminamalary düzetmek gerek, Türkmenistanda 2022-nji ýylda näçe sany körpe 1-nji synpa okuwa gidýär
Türk talyp wizasyny almak üçin haýsy resminamalaryň gerekdigi belli boldy
Türkmenistanda çagany mekdebe ýazdyrmak has kynlaşdy
Azerbaýjan Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza berip başlady