Fransiýanyň ýygyndysy 17-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar

Dünýä Kubogy 2026-a gatnaşjak 29-njy ýygyndy hem belli boldy.Saýlama tapgyrynyň Ýewropa sebiti boýunça “D” toparçada Fransiýanyň ýygyndysy Parižde Ukrainanyň ýygyndysyny 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 2-nji ýarymda has erjel oýun görkezen fransuzlaryň gollarynyň 2-sini Kilian Mbappe geçirip, ol 55-nji minutda penaltiden hem-de 83-nji minutda tapawutlandy.

Beýleki gollary bolsa 76-njy minutda Olise bilen 88-nji minutda Ekitike öz atlaryna ýazdyrdylar. Şunlukda, utugyny 13-e çykaran Fransiýanyň milli ýygyndysy bassyr 8-nji, umumylykda 17-nji gezek Dünýä Kubogynda çykyş etmäge hukuk gazandy (1930, 1934, 1938, 1954, 1958, 1966, 1978, 1982, 1986, 1998, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018, 2022, 2026).

Fransiýanyň milli ýygyndysy 1998-nji ýyldan bäri yzyny üzmän Dünýä Kubogyna gatnaşyp gelýär we soňky 28 ýylda 2 gezek çempion bolmagy başardy.

Toparçada 2-nji ýeri eýeläp, pleý-off tapgyryna gatnaşjak topar 16-njy noýabrdaky oýunlardan soň belli bolar. Şol gün 2-nji ýerdäki Islandiýa myhmançylykda Ukraina bilen duşuşar. 2 toparyň hem utuklary deň bolup, Islandiýanyň gol gatnaşygy garşydaşynyňka garanyňda artykmaçlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Ýene bir ýygyndy Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy
Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli hokkeý boýunça ýygyndy topary Saraýewoda geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny utdy
Sport ― bir demde 10 habar (21-nji maý)
UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji saýlama oýunlarynyň ilkinji tapgyry şu gün başlar
Basketbol Komandasynyň Ýarym Finaldaky Bäsdeşi Şwesiýa Boldy
Nuuk şäheriniň esaslandyrylmagy