Ýene bir ýygyndy Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

EURO 2024-de çykyş etjek ýygyndylaryň hataryna ýene biri goşuldy.Saýlama tapgyrynyň J toparçasynda öz meýdançasynda Islandiýany 4-2 ýeňen Slowakiýa Portugaliýadan soň toparçada 2-nji ýeri eýelemäge hukuk gazandy we çempionatyň final tapgyryna ýollanma aldy.

Kuçka (30), Duda (36 p), Harasliniň (47, 55) gollary bilen garşydaşyny 4-2 hasabynda ýeňen slowaklar bassyr 3-nji gezek Ýewropa çempionatyna wekilçilik ederler.

Toparçanyň lideri Portugaliýa myhmançylykda Lihtenşteýni Ronaldo hem-de Kanselonyň gollary bilen 2-0 ýeňdi. Saýlama tapgyrynda 10-njy goluny geçiren Ronaldonyň milli ýygyndydaky gollarynyň sany 128-e ýetdi.

Ýewropa çempionatynyň bosagasyndan gaýdan Lýuksemburg öz meýdançasynda Bosniýa we Gersegowinany 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýöne bu ýeňiş olara ýeterlik bolmady.

Ýene degişli makalalar

Fransiýanyň ýygyndysy 17-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar
Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)
Türkmenistanyň Özbegistandaky täze ilçisi wezipä bellenildi, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine taýýarlyk görülýär we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada dolanyp geldi, 2024-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan 1,7 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Merw AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň Alaýyndan üstün çykdy
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi