Beýik britaniýaly welosipedçi Kris Frum häzirki çykyş edýän Ineos toparyndan başga topara geçjekdigini habar berdi.Ol täze möwsümden Israel Start-Up Nation toparynyň düzüminde çykyş edip başlajakdygyny aýtdy.
Ol bu barada: Ineos-yň hatarynda bilelikde köp ýeňişler gazandym. Ýöne karýeramda täzelik isleýärdim.Bulam meni tolgundyrýar.Awgust aýynda geçiriljek Tur de Frans ýaryşynda Ineos-yň düzüminde soňky gezek ýene-de çempionlyk ugrunda elimden geleni gaýgyrman göreşjek diýdi.
Ozalky ady Team Sky bolan Ineos toparyna 2009-njy ýylda geçen 35 ýaşly Frum bu ýerde 2013-nji, 2015-nji, 2016-njy hem-de 2017-nji ýyllarda jemi 4 gezek Tur de Frans ýaryşynda çempionlyk gazandy.
Mälim bolşy ýaly, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý sebäpli Tur de Frans ýaryşy awgust aýyna geçirilipdi. Ýaryş 29-njy awgustda başlanar.
