Fuat Oktaý: "DKTR-ny doly ýagdaýda goldaýarys" diýdi

Fuat Oktaý: "DKTR-ny doly ýagdaýda goldaýarys" diýdi

Wise-prezident Fuat Oktaý, DKTR-nyň Premýer ministri Ünal Üstel bilen paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde umumy metbugat ýygnagyny geçirdi.

Türkiyäniň hem ykdysady galkynyş hem-de Kipr türkleriniň halkara arenadaky adalat ugrundaky göreşinde DKTR-nyň ýanyndadygyny aýdan Fuat Oktaý, Kipr türkleri bilen baky gatnaşyklar sebäpli gynançlarynyň we şatlyklarynyň birdigini aýtdy.

Enewatan Türkiye hökmünde Kipr tüklerini goldamaga dowam etjekdiklerini aýdan Fuat Oktaý: "Türkiye Kipr türkleriniň halkara arenadaky adalat ugrundaky göreşinde DKTR-nyň ýanyndadyr" diýip nygtady.

Fuat Oktaý: "Taryh Kipr türkleriniň haklaryny äsgermeýän islendik çemeleşmäniň üstün bolmak mümkinçiliginiň ýokdugyny görkezdi.Kipr türk halky 1963-nji ýylda grek tarapynyň öz elleri blen ýok eden Kipr Respublikasynyň deň derejeli esaslandyryjysy we deň derejeli hyzmatdaşydyr. Ýurdumyzyň şol hakykaty esas alýan, Adada giňişleýin we ýaşap boljak bir çözgüt üçin iki tarapyň özygtyýar deňiligine we deň halkara statusyna esaslanýan maskatnamany doly ýagdaýda goldaýar.

DKTR üçin edil şu wagt diýip bu ýerden ýene-de bir gezek hakykatkara göz ýetirip, ähli taraplara Kipr türkleriniň hukuklaryny tassyklamaga, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyny (DKTR) ykrar etmäge çagyrýarys" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy
Fuat Oktaý 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary
Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi
Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi