Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi

Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi

Wise-prezident Fuat Oktaý, Kiprde grek terror guramasy EOKA tarapyndan 1963-nji ýylyň 21-nji dekabrynda başladylan "Ganly Roždestwo" ady bilen ýatlanylýan gyrgynçylyk hadysalarynda şehit bolan kipr türklerini hatyralap geçdi.

Wise-prezident Fuat Oktaý sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Kiprde grek terror guramasy EOKA tarapyndan kipr türklerine garşy amala aşyrylan wagşyçylykly Ganly Roždestwo gyrgynçylygyna 59 ýyl geçdi. Ýüreklerimizi gam-gussa bogan 364 kowumdaşymyzy uly hormat bilen hatyralap geçýärin. Ýatan ýerleri ýagty bolsun" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Mustafa Şentop 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Fuat Oktaý Azerbaýjanda Saparda Bolýar
Fuat Oktaý Şuşa Baryp Gördi
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Ykrar Edilmeginiň Wagty Ýetdi
Içeri işler ministri Stambuldaky terrorçylykly hüjümiň jogapkärleri bilen bagly beýanat berdi
Stambulda guralan bombaly hüjümde 6 adam ýogaldy