Futbol boýunça Türkmenistanyň 34-nji çempionaty başlanýar

Futbol boýunça Türkmenistanyň 34-nji çempionaty başlanýar

Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 34-nji çempionaty Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki duşuşyklar bilen başlanýar.Paýtagtymyzdaky Aşgabat köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda Ahal hem-de Köpetdag toparlary duşuşarlar, deňiz kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde bolsa Şagadam topary bilen Nebitçi topary güýçlerini synanyşar.

Milli çempionatyň medallary ugrunda dört tapgyrda sekiz topar bäsleşer.Paýtagtymyzyň adyndan üç topar Altyn asyr, Aşgabat we Köpetdag toparlary, Balkanabatdan Nebitçi topary we Türkmenbaşydan Şagadam topary Balkan welaýatynyň, Ahal topary Ahal welaýatynyň, Merw topary Mary welaýatynyň, şeýle hem Türkmenistanyň häzirki çempiony Arkadag topary döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň adyndan çykyş eder.

Birinji tapgyryň duşuşyklary 5-nji aprelde Arkadag Merw hem-de Altyn asyr Aşgabat toparlarynyň duşuşyklary bilen dowam eder. Çempionatyň ilkinji iki tapgyry 4-nji aprelden 20-nji iýuna çenli dowam eder.

Ikinji we üçünji tapgyryň duşuşyklary möwsümiň ikinji ýarymynda geçiriler.Geçen ýylky çempionatdan soň, Arkadag topary üçünji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy.Kümüş medal Ahal toparyna, bürünç medal bolsa Altyn asyr toparyna berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň jemi jemlendi
Arkadag we Altyn asyr toparlary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna uly ýeňişler bilen başladylar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda Ahal topary kümüş medal ugrundaky göreşde öz ornuny pugtalandyrdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň futzal toparlary 2026-njy ýylyň baş baýragy ugrundaky göreşe başladylar