Ahal toparynyň futbolçylary Balkanabatda we Aşgabatda geçirilen yza süýşürilen iki oýundan soň, Türkmenistanyň futbol boýunça ýokary ligasynyň çempionatynda kümüş medal ugrundaky göreşde öz orunlaryny berkitdiler.Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde geçirilen 22-nji tapgyryň yza süýşürilen oýnunda Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň topary ýerli Nebitçi toparyndan üstün çykyp, 3:0 hasabynda 16-njy ýeňşini gazandy. 37-nji minutda Ahal toparynyň hasabyny Enwer Annaýew açdy, soňra toparyň kapitany Elman Tagaýew iki gezek gol geçirdi (43-nji we 50-nji minutlar jerime urgusyndan). 24-nji tapgyryň beýleki yza süýşürilen duşuşygy paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň stadionynda geçirildi.
Kümüş medal ugrundaky göreşde Ahal toparyny yzarlaýjy Altyn asyr Türkmenistanyň häzirki çempiony Arkadag toparyndan 0:2 hasabynda ýeňildi. Ýeňijileriň düzüminde Baýram Ataýew (7-nji minut) we Gurbanmuhamed Esenow (64-nji minut) tapawutlandylar.
G.Esenow şu möwsümde Arkadag toparynyň häzirki milli çempionatdaky 100-nji goluny geçirdi.Bu duşuşyklardan soň 52 utuk bilen ikinji orunda barýan Ahal topary üçünji orunda barýan Altyn asyr toparyndan tapawudy bäş utuga çykardy. 26 oýunda 26 ýeňiş gazanan, üç gezek Türkmenistanyň çempiony bolan Arkadag topary häzirki wagtda 78 utuga eýe bolup, toparyň geçiren we geçirýän gollarynyň aratapawudyny hem aýratyn bellemek gerek: 10014. 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň tamamlanmagyna iki tapgyr galdy.
