Futbol teleýaýlymy AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky Ahal ― Şabab Al-Ahli duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer

Futbol teleýaýlymy AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky Ahal ― Şabab Al-Ahli duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer

AFK Çempionlar ligasynyň "Ahal" (Türkmenistan) we "Şabab Al-Ahli" (BAE) toparlarynyň arasyndaky oýny Täjigistanyň "Futbol" teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda görkeziler. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasy habar berýär.

Aşgabatda IPTV-e eýe bolan köp sanly futbol janköýerleri oýna "Futbol" kanalynda (No. 93) göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.

AFK Çempionlar ligasynyň toparçasynyň birinji tapgyrynyň duşuşygy 8-nji aprele geçilen gije, Aşgabat wagty bilen 01:15-de Jiddanyň (Saud Arabystany) "Şa Abdullah Sports Sity" stadionynda geçiriler.

"Ahal" we "Şabab Al-Ahli" AFK Çempionlar ligasynda taryhda ilkinji gezek duşuşarlar.

Ýene degişli makalalar

Hujand Merw duşuşygy Varzish teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Türkmenistanda tölegli telekanallar birnäçe gün işlemeýär
Aşgabat stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygy Türkmenistan Sport teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar
Pahtakor — Ahal oýnuna nähili tomaşa edip bolar
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy, 3-5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda Koreýanyň Medeniýet hepdeligi geçiriler we beýleki habarlar