Futzal boýunça Türkmenistanyň ilkinji naýbaşy kubogy Köpetdagda

Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin naýbaşy kubogynyň eýesi belli boldy. Jemleýji bäsleşik Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi Deňizçi topary bilen ýurdumyzyň çempiony Köpetdagyň arasynda boldy.

Ýylyň jemi boýunça iň güýçli topary kesgitlemek ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ugurlaryň birine öwrüldi. Bu asylly ýörelge indi diňe bir futbolda däl, eýsem, şu ýyldan başlap, futzal bäsleşiginde hem ýola goýuldy.

Iki çempionyň arasynda geçirilen bu duşuşyk örän çekeleşikli pursatlary bilen tomaşaçylaryň aňynda köp wagtlap saklansa gerek. Bäsleşigiň ýeňijisi jerime urgulary arkaly kesgitlenildi.

Köpetdag bäsleşigiň başynda hasaby açan hem bolsa, oýnuň 30-njy minutyna çenli derwezesine iki topy goýberdi. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň topary oýnuň jylawyny elinde saklap, ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň toparyna howply pursatlary döretmäge mümkinçilik bermedi.

Bäsleşigiň ahyrky on minutynda Arzuwguly Sapargulyýew (Köpetdag) ilki hasabyň aratapawudyny azaltdy, soňra bolsa 28-nji minutda jerime meýdançasynyň daşyndan güýçli urgy bilen hasaby deňledi.

Goşmaça wagtda tomaşaçylaryň tolgunmasy has-da artdy. Olar Türkmenistanyň 2018-nji ýylyň jemleri boýunça çempiony derejesine mynasyp bolmaga yhlas edýän toparlaryň oýnuna uly tolgunma bilen tomaşa etdiler.

Toparlaryň oýunçylary yzly-yzyna hüjüm edip, birek-biregiň derwezesine bir pökgi geçirmegi başardylar. Şeýlelikde, hasap 4:4 boldy.

Soňra jerime urgulary başlandy. Bäsleşigiň bu görnüşinde Köpetdagyň oýunçylary has dürs urmagy başaryp, ýeňiş gazandylar. Olar türkmen futzalynyň taryhynda ilkinji naýbaşy kubogy eýelediler.

Ýene degişli makalalar

Arkadag futbol topary öňdeligini barha berkidýär
Arkadag futbol topary Altyn asyr toparyny uly hasap bilen ýeňip, beýleki toparlardan arany açdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar
10.03.2019 | Futzal boýunça Türkmenistanyň ilkinji naýbaşy kubogy Köpetdagda