G20 toparynyň sammiti onlaýn geçirildi

Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylygynda 21-22-nji noýabrda dünýäniň ösen we ösýän ykdysadyýetli 20 döwletiniň Baştutanlary wirtual tertipde sammit geçirdiler.Syýasy çäräniň gün tertibinde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar, onuň netijesinde ýüze çykan global meselelere garşy göreş we dünýä ykdysadyýetini öňe ilerletmek boýunça çynlakaý çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da G20 toparynyň liderleri geljekde durnukly ösüşi gazanmak üçin pes uglerodly ykdysadyýeti ösdürmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini öňe sürdüler.

Onlaýn maslahatda Uly ýigrimiligiň Liderleri howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleriniň öňüni almak, energiýa ulgamlarynyň arassalygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de energiýa bazarlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen pes uglerodly tejribäniň toplumlaýyn ulanylmagynyň tarapdarydygyny tassykladylar.

Maslahatdan soň, G20 toparynyň ýaýradan beýanatynda merjen riflerini we deňiz ekoulgamyny goramagyň maksat edinilýändigi, topragyň kem-kemden ýaramazlaşmagy, ýaşaýşa ýaramly ýerleriniň ýitmegi ýaly meseleleri çözmek üçin anyk çäreleriň görüljekdigi tassyklanylýar. Beýanatda toparyň daşky gurşaw meseleleri boýunça ylalaşylan kararlary kabul etmek bilen giň gerimli, dowamly we deňagramly geljegi gurmak ugrunda işlemegi maksat edinýändigi bellenilýär.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman ben Abdul-Aziz Al Saud onlaýn maslahatyň barşynda ykdysady we demografik ösüşleriň netijesinde, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň artmagy sebäpli Ýer togalagyny goramagyň möhümdigini belläp, bu ugurda G20 topary ägirt uly howa maksatlaryny amala aşyrmak üçin durnukly, pragmatik we tygşytly çemeleşmeleriň üstünde işläp, öňdebaryjy bolmagy niýet edinýändigini belledi.

Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylygyndaky G20 döwletleriniň ýolbaşçylarynyň iki günlük 15-nji sammitde taraplar toparyň üstünlikleriniň esasy özeni bolup durýan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman ben Abdul-Aziz Al Saud öz gezeginde, şu ýyl G20 toparynyň uly üstünlik gazanandygyny, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda adamlaryň ömrüni we ýaşaýyş-durmuşyny goramak we ilatyň iň ejiz toparlaryny goramak maksady bilen bilelikdäki tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Biz dünýä ykdysadyýetiniň hemmetaraplaýyn dikeldilmegini ilerledip, durnukly ösüş gazanmak üçin zerur şertleri döretmek, şeýle hem durnukly we deňagramly ösüşi üpjün etmek üçin möhüm çäreleri durmuşa geçirdik. Şoňa görä, G20 topary XXI asyrda Ýer togalagyny bilelikde goramak we täze gözýetimleri açmak arkaly bütin adamzat üçin ösüş mümkinçiliklerini döretmegini dowam etdirer diýip, Salman ben Abdul-Aziz Al Saud aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş G20 toparynyň Liderlerini howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşde tagallalaryny birleşdirmäge we hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge çagyrdy.BMG-niň Baş sekretary birnäçe ýurtlaryň we sebit guramalarynyň ýaňy-ýakynda howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleri babatynda öz üstüne alan möhüm borçnamalary barada durup geçip, 2050-nji ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini azaltmak üçin global bileleşigiň döredilýändigini aýtdy. Şeýle hem G20 toparynyň agzalaryny uglerodyň bahasyny kesgitlemek, ýangyç subsidiýalaryny ýatyrmak, kömür bilen işleýän täze elektrik beketleriniň gurluşygyny togtatmak ýaly çärelerde çynlakaý ädim ätmäge çagyrdy.

Uly ýigrimiligiň düzümine Awstraliýa, Argentina, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, ABŞ, Türkiýe, Fransiýa, Günorta Koreýa, Günorta Afrika Respublikasy, Ýaponiýa we Ýewropa Bileleşigi ýaly ykdysadyýeti has ösen we ösýän ýurtlar girýär. Ýewropa Bileleşigine Ýewropa Komissiýasynyň we Ýewropa Geňeşiniň başlyklary wekilçilik edýär.

Mundan başga-da, G20 sammitine adatça, Maliýe durnuklylygy geňeşi, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä söwda guramasy, Afrika Bileleşigi, ASEAN, Birleşen Milletler Guramasy we Bütindünýä Banky ýaly dürli halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýar.

G20 topary dünýäniň jemi içerki önüminiň 85 göterimini, dünýä söwdasynyň 75 göterimini, şeýle hem dünýä ilatynyň üçden iki bölegini emele getirýär. 1999-njy ýylda esaslandyrylan bu Halkara guramasynyň mejlisinde, esasan, halkara maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

The post G20 toparynyň sammiti onlaýn geçirildi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy
Saud Arabystany Sudana Ýardam Konferensiýasyna Ýer Eýeçiligini Eder
Jidda şäherinde Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — Merkezi Aziýa sammiti geçiriler
Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy
Erdoganyň Aýlaý Sebitine Döwlet Sapary
Ýewraziýada geçen hepde başdan geçirlen möhüm wakalar