Gabarda gündelik nebit önümçiligi 40 müň barrelden geçdi

Gabarda gündelik nebit önümçiligi 40 müň barrelden geçdi

Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, Şyrnak welaýatynyň Gabar dagy sebitinde ýerleşýän Şehit Aýbüke Ýalçyn gorunda Oraza baýramy bilen bagly çärä gatnaşdy.

Alparslan Baýraktar ol ýerde beren beýanatynda: "Şu gün gündelik 40 müň barrel nebit önümçiligini geçdik.Bu, Türkiyede iň ýokary hilli nebit we iň köp nebit öndüren günümiz hökmünde taryha ýazylan bir gün.

Täze ýylda bu ýere gelendigimizi ýadyňyza salsaňyz, 2024-nji ýylyň ahyryndaky maksadymyz gündelik 100 müň barrele ýetmek diýipdik. Şonuň üçin hem gije-gündiz zähmet çekýäris" diýip habar berdi.

Alparslan Baýraktar: "Häzirki wagtda 33 aýry gorda bu önümçiligi amala aşyrdyk.Her bir nebit gory üçin ortaça önümçiligimiz 1200 barrelden geçdi. Şol sebäpli biziň maksatnamamyz bolan 95 gora ýeten mahalymyz ýylyň ahyrynda şol görkezijä ýeteris.

Bu Türkiyäniň esasan hem energiýadaky daşary ýurtlara bolan garaşlylygy azaltmak üçin möhüm.Bu ýerdäki işlerimiz arakesmesiz ýagdaýda dowam eder.Täze gorlarymyz bar, täze tapylan gorlarymyz bar. Şu ýyl Hakkari welaýatynda, Wan welaýaty serhedinde täze gorlarymyz bolar.

Ol ýerlerde hem ediljek açyşlar bilen şol önümçilik görkezijisinden hem geçeris" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Energetika we tebigy serişdeler ministri Eýranda saparda bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny