“Gadamy batly bagtyýar ýaşlar”

“Gadamy batly bagtyýar ýaşlar”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda eziz halkymyzyň her bir güni uly ruhubelentliklere beslenýär. Döwleti Diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen, çuňňur manyly Watançylyk ýörelgesi ýurdumyzyň gülläp ösmegi, özgermegi üçin durmuşa geçirilýän belent başlangyçlaryň aýdyň maksatly owazydyr.

Güneşli Diýarymyz asudalygyň, parahatlygyň, agzybirligiň, jebisligiň ýurdy. Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleriniň arasynda ösen ýurtlaryň hatarynda bolup, ýer ýüzünde ylalaşdyryjy sebit, parahatçylygyň Watany hökmünde tanalýar.

2-nji çagalar çeperçilik mekdebimizde ýaş nesillerimizi terbiýeläp ýetişdirmekde, olara türkmen şekillendiriş sungatynyň birnäçe görnüşlerinden bilim berip, hünär öwretmekde döredijilikli işler alnyp barylýar. Şu ýerde bir zady aýratyn bellemek isleýäris şöhratly ata-babalarymyz ýaş nesilleri terbiýelemekde uly üns berendikleri, olary köp asyrlary geçip, biziň günlerimize gelip ýeten parasatly dana sözleriniň örän çuňňur manysy bilen terbiýeländikleri hakykatdyr. Ýaş nesilleri terbiýelemekde “Ulularyň göreldesi nesilleriň ýörelgesi”, “Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter”, “Atalaryň ýoly altyn ýol, ony söýen Watany söýer ”, “Nesilleriň gaýraty iliň-günüň myrady” ýaly nakyllaryň ähmiýeti örän uludyr.

2-nji çagalar çeperçilik mekdebimiziň çäginde hem göreldeli okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklar, ýörite döredijilik duşuşyklar gurnalyp durulýar. Ýaşlaryň döredijilik sergileri şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, grafika, amaly haşam sungaty bolan zergärçilik, külalçylyk ýaly eserlerden düzülýär.

Mekdebimizde dört ýylyň dowamynda şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk bölüminde bilim alan ýaşlarymyzyň ýörite döredijilik eserlerinden bolan hasabat sergisi ýokary derejede guramaçylykly gurnaldy.Döredijilik eserleriň her birinde mähriban Watanymyza, keremli topragymyza, güneşli Diýarymyza bagyşlanan özboluşly aýratynlyklar aýdyň wasp edilýär.

Umuman aýdanyňda her bir ýerine ýetirilen diplom taslamasynda çuňňur çeperçilik mazmunlar aýdyň görkezilýär.

Şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun.

Ýene degişli makalalar

Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr
Türkmenistanyň Prezidenti täze Metbugat sekretaryny belledi
Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidentiniň dag etegindäki kabulhanasyna baryp gördi
Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran döwlet sapary tamamlandy
Kadaly uklaýaryn…