Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidentiniň dag etegindäki kabulhanasyna baryp gördi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidentiniň dag etegindäki kabulhanasyna baryp gördi

Täjigistana amala aşyran iki günlük döwlet saparynyň ikinji günüň maksatnamasyna laýyklykda, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow täjik Lideriniň şäher etegindäki Warzob jülgesinde ýerleşýän Takob kabulhanasynda myhman boldy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Warzob etrabynyň tebigy gözelliklerini, haýran galdyrýan peýzažlaryny synladylar. Güneşli Täjigistanyň jana ýakymly howasyndan, bu künjegiň ajaýyplyklaryndan lezzet alyp, Prezidentler erkin, dostlukly ýagdaýda söhbet gurap, bilelikde resmi däl günortanlyk naharyny edindiler.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý toparlarynyň kapitanlary Türkmenistanyň Prezidentini gutladylar
“Gadamy batly bagtyýar ýaşlar”
Resul Gamzatowyň 100 ýyllygyna bagyşlandy
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýerini kesgitledi
Aşgabatda täze çagalar we ýetginjekler köşgi gurlar
Aşgabatda Güneşli atly Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýeri kesgitlendi
Aşgabat ýurdumyzyň ýüregi