Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýerini kesgitledi

Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýerini kesgitledi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, döwlet Baştutany uçuş mahalynda paýtagt şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlap, ýerine ýetirilýän giň möçberli işlerde ýurduň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň döwrebap bilimli we kämil hünärli bolmaklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Uçuş mahalynda döwlet Baştutanynyň ýanynda bolýan wise-premýer B.Annamämmedow, ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, häzirki döwürde hereket edýän Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze, ýagny Güneşli ady bilen bina ediljek merkeziniň gurluşygynyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow täze toplumyň gurluşygyna örän jogapkärli çemeleşmelidigini belläp, onuň bina ediljek ýerini kesgitledi we degişli halkara bäsleşigi yglan etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bu merkez Aşgabadyň gözel ýerleriniň birinde, seleň howaly ajaýyp künjeginde, arassa ekologiýa gurşawynyň jümmüşinde gurlar we çagalaryň durmuşyna özboluşly nur çaýar.

Döwlet Baştutany bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýokary derejeli bilimli bolmaklary, döredijiligiň üsti bilen ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri we olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen bir hatarda, çagalaryň zähmete bolan höwesini artdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow täze merkezde dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, onuň taslamalary taýýarlananda we gurluşygynda häzirki zaman talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.

— Desganyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň we ylmyň gazananlarynyň netijeli ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Binalaryň talabalaýyk ýagdaýda enjamlaşdyrylmagy möhüm wezipe bolup durýar — diýip, döwlet Baştutany nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ýaşlaryň halal zähmete, öndürijilikli işlere we çeper döredijilige bolan höwesleriniň ýokarlanmagynda ähmiýetlidigini belläp, bu ugra degişli binalaryň gurluşygynda çagalaryň zähmet endiklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen düzümleriň döredilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini nygtady.

Döwlet Baştutany Aşgabadyň günorta künjeginde, Parahat ýaşaýyş toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerini-de synlady.

Wise-premýer B.Annamämmedow döwlet Baştutanyna Parahat ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylyşy, Aşgabadyň bu künjeginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň baş şäherinde maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň depgini bilen tanşyp, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Wise-premýer B.Annamämmedow gurluşyk işleriniň we meýilleşdirilen ähli çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine, şeýle hem degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň yzygiderli ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow uçuşy tamamlap, öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat ýurdumyzyň ýüregi
Aşgabatda Güneşli atly Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýeri kesgitlendi
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi
Prigožiniň öldürilmegi we netijeleri
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar