Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolelin, abadan durmuşda ýaşaýan halkymyz ýokary ösüşleri bilen dünýäni haýrana galdyryp, ynamly öňe barýar. Üstümizdäki ýyl “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçip, taryhy taýdan uly ähmiýete eýe bolan Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi, bu gadymy ýoluň ugrundaky taryhy ýadygärliklerdir miraslaryň gaýtadan öwrenilmegi, dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegi babatda köp işler alnyp baryldy. Ýurdumyzda bu ugra degişli ençeme maslahatlardyr sergiler, daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gezelençleri, “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi ýaly sport ýaryşlary geçirildi.Ýylyň ahyrky aýynda paýtagtymyz Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasy bolan ÝUNESKO bilen bilelikde “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahaty geçirildi.
Oňa 50-ä golaý ýurtdan ministrler, ýokary derejeli wekiller hem-de bilermenler gatnaşdylar.Bu halkara forum Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny çuňňur öwrenmäge, häzirki we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyldy.Beýik Ýüpek ýolunyň umumadamzat medeniýetinde tutýan orny uludyr.
Gadymy kerwen ýoly diňe bir söwda ýoly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bu ýoluň ugrunda ýerleşýän halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň hem ösmegine öz oňyn goşandyny goşupdyr.Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda söwda dolanyşygy arkaly halklary biri-birine ýakynlaşdyran bu ýoluň täze keşbi Türkmenistanda köp ugurlaýyn yklymara ulag infrastrukturasy kemala geldi.
Bu bolsa, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap ýollar bilen gaýtadan dikeldilmegine badalga berdi.Ol ýol doganlygyň we dostlugyň ýoly bolup, ynsanlaryň doganlyk köprüsini emele getirdi.Hormatly Prezidentimiziň gurýan dost-doganlyk ýollary we Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek babatda alyp barýan parasatly işleri Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar.
Muny paýtagtymyzda geçirilen halkara foruma gatnaşan BMG-niň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň çykyşlaryndan görmek bolýar.BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa çykyşynda Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda ägirt uly goşant goşýandygyny belledi.
Bu gadymy söwda ýolunyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň ähmiýetiniň uludygyny, harytly kerwenleriň Türkmenistanyň üsti bilen ähli ugurlara geçendigini, bularyň Türkmenistany medeni arabaglanyşygyň möhüm halkasyna öwrendigini nygtady.Ýelena Panowa Türkmenistanda döwrebap gara ýollaryň, polat ýollaryň, howa hem-de deňiz menzilleriniň gurluşygy üçin ep-esli möçberde maýa goýum gönükdirilendigini belläp, Türkmenistanyň guraýan halkara sport bäsleşikleri bilen ýurtlaryň arasyndaky medeni hem-de sport aragatnaşyklaryny ösdürýändigini uly buýsanç bilen mälim etdi.BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bolsa, öz çykyşynda BMG-niň Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýän Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolmak bilen, geljekde-de ähli başlangyçlaryny we tekliplerini goldamaga taýýardygyny belledi.Mundan başga-da, bu halkara forumyň öňüsyrasynda ÝUNESKO-nyň ekspertleriniň gatnaşmaklarynda “Ýüpek ýolunyň ugrundaky milli sport görnüşleri we oýunlary” atly duşuşygy geçirildi.
Onda Beýik Ýüpek ýolunyň boýundaky ýurtlaryň däbe öwrülen oýunlarynyň we sport görnüşleriniň umumy atlasyny düzmek ara alyp maslahatlaşyldy.Umuman, Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynyň täzeden döredilişi, demir ýollaryň, ulag-üstaşyr geçelgeleriň çekilişi, deňiz gatnaw ýollarynyň, söwda ulgamlarynyň ýola goýluşy babatda Türkmenistanyň alyp barýan işleri ýokary hormata eýedir.
Halkymyzyň müdimi gymmatlyklary bolan medeni-ruhy mirasymyzy öwrenmäge, ösdürmäge we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Enegül MÄMMEDOWA, S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
