Gadymy şäher tapyldy

Gazagystanda arheologlar Bürünç eýýamyna degişli şäheriň galyndylaryny tapdylar.Irtyş derýasynyň kenaryndaky depäniň üstünde gurlan şäher jülgäniň şahalaryny ýokardan synlamaga mümkinçilik beripdir. Şol sebäpli taryhçylar bu ilatly ýeri Ýedi jülge şäheri diýip atlandyrdylar.

Täze geçirilen barlaga görä, şäher mundan 3600 ýyl ozal şol döwrüň uly ilatly ýeri bolupdyr.Semiýarka atly gadymy şäher 140 gektar meýdany eýeläp, şol döwrüň obalaryndan 4 esse uly bolupdyr.

Mundan ozal bu ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde irki döwürlere degişli dürli iş gurallary tapylypdy.

Geçirilen täze barlag barada Antiquity žurnalynda makala neşir edildi.

Aýjahan Otuzowa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Daşoguzsyýahat“ tanymal bagşylaryň ady bilen baglanşykly ýerlere syýahat guraýar
MHM-niň generaly Rahman Allakow aradan çykdy
Türkmen türmelerinde diri ýitenleriň sanawyndaky şahslaryň biri Begmyrat Otuzow “Owadandepede” ýogaldy