Gahryman Arkadagymyz Akýol behişdi bedewi bilen ak ýollara uzaýan toýlara rowana boldy

Gahryman Arkadagymyz Akýol behişdi bedewi bilen ak ýollara uzaýan toýlara rowana boldy

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr.Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportundaky şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de olaryň başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Şunda milli Liderimiziň ägirt uly hyzmatlary bardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başarypdyrlar, ondan güýç-kuwwat hem ruhubelentlik alypdyrlar.Olar halkymyzyň gündelik durmuşynda we baýramçylyklarynda, däp-dessurlarynda, halk döredijiliginde, ajaýyp sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadamlary bedew badyna deňelýär.Munuň özi güneşli Diýarymyzda asylly işleriň we milli ýörelgeleriň ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklary bilen utgaşdyrylýandygyny alamatlandyrýar.Bu bolsa ösüşiň belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzyň durmuşynyň her bir pursadynyň ähmiýetli wakalara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Arkadag Prezidentimiziň ajaýyp Akýol atly bedewe atlanmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýar durmuşynyň dowamata atarylýandygyny aňladýar.Bu görnüşler tutuş türkmen iliniň ruhuny göterip, halkymyzy täze ýeňişlere, ajaýyp zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Ýene degişli makalalar

BEHIŞDI BEDEWLER GÖZELLIGIŇ NUSGASY
Gahryman Arkadagymyz Akýol behişdi bedewi bilen ak ýollara uzaýan toýlara rowana boldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy