Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny geçirdi

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny geçirdi

Düýn 27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkymyzy jebisleşdiriji we täze işlere ruhlandyryjy güýç hökmünde öňlerinde durýan wezipeler, ýerine ýetirilmeli işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde 2024-nji ýylda ileri tutulýan ugurlar bilen baglanyşykly alnyp barylmaly işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda oňa gatnaşyjylar netijeli işlemek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
Türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasy
Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisi geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy