Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halky jebisleşdiriji we täze işlere ruhlandyryjy güýç hökmünde öňlerinde durýan wezipeler, ýerine ýetirilmeli işler, şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde 2024-nji ýylda ileri tutulýan ugurlar bilen baglanyşykly alnyp barylmaly işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurtda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda ýakynda geçiriljek mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunda häzirki döwrüň wajyp wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek, ýaşlaryň jemgyýetiň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işlere yzygiderli gatnaşmaklaryny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşulularyň jemgyýetde oňyn ýörelgeleri pugtalandyrmakda, ýaşlaryň halal zähmete we asylly işlere bolan höwesini artdyrmakda möhüm orun eýeleýändiklerini belläp, olaryň bu ugurda alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny geçirdi
Türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasy
Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisi geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy