Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby hakynda ýazgy edildi.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has belende galdy.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, ”Atda wepa-da bar, sapa-da” ”Gadamy batly bedew” atly kitaplary hem bedewlerimiziň şan-şöhratynyň has-da belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Teleýazgyda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ”Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň bölümleri dogrusynda, şeýle hem türkmen bedewlerimiziň gözelligi, at üstündäki oýunlar we daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip görenleri haýrana goýuşlary hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
Garaşsyzlyk ruhy bilen batlanýar bedew
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Nusga öwrülen ömür
Paryzdepe ýadygärligi